Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlaryň halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahata Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge, daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda iş alyp barýan Halkara guramalaryň wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdylar.

Maslahat hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär: “Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda “COVID-19” ýokanjynyň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi. Ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmakda Türkmenistan baý tejribe toplady. Hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça özara arkalaşykly işler amala aşyrylýar.” diýlip bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda hususan-da, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýändigi bellenilýär.

Hususan-da: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýän Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Şeýle hem Gutlag hatynda: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, bu ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer. – diýlip bellenilýär.

Lukman alymlaryň halkara forumynda pandemiýa mümkinçiliginde ýokanç kesellere garşy göreşmekde lukmançylyk diplomatiýasy, “Covid-19” pandemiýasy döwründe gazanylan tejribeniň ulanylmagy, döwletleriň arasynda tejribeniň alyş-çalşygy ýaly ugurlarda giň pikir alyşmalar geçirildi.

Forumda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Sebitleýin edarasynyň bilermenleri “Covid-19” pandemiýasy döwründe sanjym işleriniň alnyp barylmagy, “Covax” mehanizminiň ähmiýeti, “Covid-19” pandemiýasy bilen göreşmegiň çäklerinde halkara saglyk-sanitar düzgünleriniň berjaý edilişi, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda sanly ulgamyň ähmiýete ýaly ugurlarda çykyş etdiler.

Forumda koronawirus ýokanjyna garşy bütin dünýäde göreşiň alnyp barylýan häzirki döwründe lukmançylyk diplomatiýasynyň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilip geçildi.

Onlaýn görnüşde çykyş etdiler

Halkara foruma daşary ýurtlardan köp sanly lukmanlar, bilermenler hem-de saglygy goraýyş ulgamyna degişli ministrler onlaýn görnüşde çykyş etdiler. Wengriýanyň adam serişdeleri boýunça ministri Mikloş Kassler, Gyrgyz Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew, Moldowanyň saglygy goraýyş ministri Alla Nemerenko, Türkiýe Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri Abduhakim Hajibaýew, Ermenistanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Geworg Simonýan, Gazagystanyň wise-ministri, Baş döwlet sanitar lukmany Erlan Kiýasow, Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Wiktor Gasymow, Rumyniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň döwlet sekretary Andreý Baçui, Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Oleg Gridnew we beýlekiler onlaýn görnüşde maslahata gatnaşyp, “Covid-19” pandemiýasyna garşy ýerine ýetirilen işler barada aýdyp, toplan tejribelerini paýlaşdylar.