Hassalar bilen işlenilende nähilidir bir goragyň gerekdigini lukmanlar ir döwürlerde göz ýetiripdirler. Muňa garamazdan, diňe XXI asyryň başlarynda fransuz lukmany Çarl Lorm lukmanlary dürli ýokançlardan goraýan ýörite eşigi döredipdir. Bu eşik mumlanan paltodan, ellikden, başgapdan we iň esasy aýratynlygy tutuş ýüzi ýapyp duran nikapdan ybarat bolupdyr. Guşa meňzeş bu örtük saman, guradylan dürli otlar (lawanda, narpyz, gwozdika we ş.m) bilen doldurylypdyr. Häzirkilere meňzeş örtükler XIX asyryň aýaklarynda peýda bolupdyr. Şeýle hem şol döwürde fransiýaly Pol Beržer bilen polşaly Ýan Mikuliç Radeski hem şeýle örtügi oýlap tapýar. Geçen asyryň 20-nji ýyllaryna çenli lukmançylyk örtükleri has giňden ýaýraýar. Biziň döwrümizde lukmançylyk örtükleriniň peýdasy barada adamlara aýratyn düşündiriş berip oturmagyň zerurlygy ýok. Örtükler adamy diňe bir dürli ýokançlardan goraman eýsem, howanyň hapalanmagy zerarly ýüze çykýar zäherlenmelerden hem goraýar. Aziýanyň köp ýurtlarynda, Ýaponiýada, Hytaýda, Wýetnamda syrkaw wagty adamyň örtük dakynmagy edepliligiň, töwerek-daşa hormat-sylagyň alamaty hasaplanýar. Ilkibaşda örtükler ýukajyk matadan taýýarlanylan bolsa, häzirki wagtda olary taýýarlamak üçin has ýokary hilli materiallar ulanylýar.

Gündelik durmuşda ulanylýan örtükler adatça üç gatdan – iki daşky we olaryň arasynda ýerleşen süzgüçden ybarat bolýar. Şeýle hem dürli maksatlar bilen ulanylýan dürli örtükler bar. Adatça, gündelik we hirurgiýa örtükleri bir gezek ulanylmaga niýetlenendir. Saglyk hakda söz açylanda, arassaçylygyň ilkinji ornunda durýanlygyny unutmaly däldiris. Sebäbi, arassaçylygyň bolmadyk ýerinde dürli ýokançlaryň çalt ýaýraýandygyny lukmançylyk barlaglary subut edýär.

Aýjeren Allaýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.