Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 28-nji ýanwarda Luwr muzeýine baryp görende bu ýerde käbir üýtgeşmeleriň meýilleşdirilýändigini aýtdy. – Luwr gaýtadan abatlanar we giňeldiler – diýip, Fransiýanyň lideri belledi. Makron Medeniýet ministrliginiň “gurluşyk işlerini meýilleşdirmek üçin taslama 10 million ýewro maýa goýjakdygyny” mälim etdi.
Prezident Luwruň gündogar tarapyndaky meşhur desga bolan Perro sütünleri arkaly “täze uly girelge” gurmak meýilnamasy barada durup geçdi. Şeýle hem, ol Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” kartinasyny muzeýiň beýleki kolleksiýalaryndan aýratyn görmek üçin Luwrdaky “aýratyn ýere” göçürmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Şeýle hem, Makron Medeniýet ministri Raşida Datiden Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlardan gelýän myhmanlar üçin peteklere “has tapawutly bahalaryň” girizilmegini haýyş etdi. Täze bahalar 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Prezident durky täzelenenden soň her ýyl 12 million adamyň Luwr muzeýine baryp biljekdigini aýtdy. 2024-nji ýylda, takmynan, 9 million adam muzeýe baryp gördi.
Geçen hepde muzeýiň direktory Lorans de Kar muzeý binalarynyň könelişen ýagdaýy bilen baglanyşykly Fransiýanyň Medeniýet ministrligine ýüz tutdy. Onuň sözlerine görä, käbir otaglarda suwuň aralaşmak we temperaturanyň üýtgemek howpy bar. Ol Luwruň düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde de Kar abatlaýyş işleriniň gymmat we tehniki taýdan çylşyrymly boljakdygyny duýdurdy.