17-nji oktýabrda Antananariwoda Madagaskar goşunynyň polkownigi Maýkl Randrianirina ýurduň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.
-Hudaýyň, milletiň we halkyň öňünde Madagaskaryň döwlet Baştutany wezipesini wepalylyk bilen ýerine ýetirjekdigime kasam edýärin – diýip, ol ýurduň Ýokary Konstitusiýa kazyýetinde aýtdy.
Madagaskar Respublikasy Madagaskar adasynda we Afrikanyň kenaryndaky ýanaşyk kiçi adalarda ýerleşýän Hindi ummanyndaky ada ýurt.