4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktorynyň orunbasary Lýu Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen MAGATE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi.

Hereket edýän maksatnamalara we taslamalara, hususan-da saglyk pudagynda MAGATE-niň hünärmen we tehniki mümkinçiliklerini çekmäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar 2025–2029-njy ýyllar üçin Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasynyň ylalaşylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn wagtda bu resminama gol çekmäge özara gyzyklanma bildirildi.

MAGATE-niň Baş direktorynyň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli guramaçylyk we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.