Norwegiýanyň “Equinor” hem-de Germaniýanyň RWE kompaniýalary arzan bahaly wodorod önümçiligini we ulanylyşyny ýola goýmak üçin hyzmatdaşlyk eder. Munuň üçin birnäçe milliard ýewrolyk maýa goýum özleşdiriler. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, agzalýan maksatnama Germaniýada kömrüň ulanylyşyny azaltmaga ýardam eder. Netijede, howa goýberilýän zyýanly gazlar hem azalar. Maksatnamanyň çäklerinde iki kompaniýa ilki Germaniýada tebigy gaz bilen, soňra bolsa, Norwegiýada tebigy gazdan öndürilen wodorod bilen işleýän täze energiýa beketlerini gurarlar.
Germaniýanyň iň uly energiýa kompaniýasy bolan RWE hyzmatdaşlygyň bahasynyň birnäçe milliard ýewrolyk maýa goýumy öz içine aljakdygyny mälim etdi.
Nurana Garlyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









