Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we edebiýatynyň iň beýik wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragy XVIII asyryň görnükli akyldary we şahyrydyr. Ol diňe bir şahyr däl, eýsem, halkyň agzybirligini, ruhubelentligini we erkinligini wagyz eden akyldar hökmünde hem dünýäde tanalýar.
Magtymguly Pyragynyň kakasy, meşhur şahyr we alym Döwletmämmet Azady onuň ilkinji halypasy bolýar. Ol ýaşlykdan birnäçe dilde – türkmen, pars, arap dillerinde bilim alýar. Şahyryň bilim ýoly Idris Baba medresesinden başlanyp, soňra Horezmiň Şirgazy we Buharanyň Gögeldaş medreselerinde dowam edýär. Bu ylym ojaklary onuň filosofik we edebi düşünjeleriniň kämilleşmegine uly täsir ýetirýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň ösüşinde öwrülişik bolup, onuň goşgulary halk döredijiligi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
Watançylyk we bitewülik: Şahyr goşgularynda türkmen halkynyň jebisleşmegini, halkyň birleşip güýçli döwlet gurmagyny arzuw edýär. «Türkmeniň» atly meşhur goşgusynda türkmenleriň ruhubelentligini we agzybirligini wagyz edýär.
Durmuş we ahlak: Akyldar şahyr jemgyýetde adalatyň bolmagyny, halkyň deň hukukly ýaşamagyny, päkligi we halallygy ündeýär.
Söýgi lirikasy: şahyryň goşgularynda söýgi hem möhüm tema bolup çykyş edýär. Meňli hakyndaky goşgular onuň şahsy duýgularynyň beýany hökmünde halk arasynda giňden ýaýrandyr.
Dil aýratynlygy: Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň ilkinji klassygy hasaplanylýar. Ol goşgularyny halkyň düşünýän arassa türkmen dilinde ýazypdyr. Bu aýratynlyk onuň döredijiliginiň halkyň arasynda giňden ýaýramagyna getirdi. Şahyryň goşgularyny diňe bir türkmen bagşylary däl, doganlyk halklaryň bagşylary hem aýdym edip aýdýarlar.
Mirasy we täsiri: Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäsiniň uly şahyry hökmünde tanalýar. Onuň döredijiligi birnäçe dillere terjime edilip, dünýä derejesinde giňden ýaýrady. Ýurdumyzda akyldar şahyryň adyny göterýän medeniýet öýleri, mekdepler we ýokary okuw mekdebi bar. 2024-nji ýyl tutuş dünýäde «Magtymguly Pyragy ýyly» hökmünde giňden bellenilip geçildi.
Magtymguly Pyragy türkmenleriň milli aňyny we ruhubelentligini täze derejä çykardy. Şahyryň goşgulary türkmenleriň ahlagynyň, söýgüsiniň we watanperwerliginiň aýnasydyr. Şonuň üçin hem ol türkmen halkynyň aňynda akyldar şahyr hökmünde hemişelik ýaşaýar. Onuň eserleri türkmen halkynyň ruhy mirasyny nesillerden-nesillere ýetiren edebi gymmatlykdyr.
Magtymgulynyň filosofik garaýyşlary
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir poeziýa bilen çäklenmän, filosofik düşünjeleri hem özünde jemleýär:
1. Adamyň we jemgyýetiň orny – şahyr ynsanyň diňe bir şahsyýet hökmünde däl, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde ähmiýetlidigini nygtaýar.
2. Adalatly jemgyýet ideýasy – onuň arzuwy adalatyň hökmürowanlygy halkyň deňhukukly jemgyýetidir.
3. Ynsap, halallyk we päklik – onuň eserlerinde iň köp ündeýän ýörelgeleri.
Magtymguly Pyragynyň dünýäniň medeni mirasynda hem orny uludyr. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, türki halklaryň edebi mirasynyň esasy şahsyýetleriniň biridir. Onuň döredijiligi özbek, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, türk edebiýatlaryna güýçli täsir edipdir. Goşgulary pars, rus, iňlis we başga-da birnäçe dillere terjime edilipdir. Dünýäniň dürli ýurtlarynda onuň adyna ýadygärlikler dikeldilip, halkara ylmy maslahatlar geçirilýär.
Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.