Mahabat bazary üýtgedi

88

Internet dünýäsinde häzire çenli mahabat bazaryndan “Google” we “Meta” kompaniýalary has köp girdeji gazanýardy. Bu iki kompaniýa mahabat girdejileriniň 50 göteriminden köp bölegini alýardylar. Tamamlanyp barýan ýylda bu iki kompaniýanyň mahabatdan alýan girdejisiniň 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 50 göterimden pese gaçjakdygy mälim edildi. Bäsdeşligiň artmagy bilen bu iki kompaniýanyň duapoliýasynyň tamamlanjakdygy mälim edildi “Insider Intelligence” bazar barlaglary şereketiniň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda bu iki kompaniýa mahabat bazarynyň 54,7 göterimini eýeläpdirler (“Google” 34,7, “Meta” – şol wagtky “Facebook 20 göterim). 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 48,4 göterim (“Google” 28,8 göterim, “Meta” 19,6 göterim) bolmagyna garaşylýar. Mahabatdan iň köp girdeji alýan üçünji kompaniýa bolsa “Amazon” bolup, şu ýyl 30 milliard dollar girdeji alar. 2024-nji ýylda bolsa, “Amazon” ABŞ-daky ähli sanly mahabatyň 12,7 göterimini, “Meta”-nyň 17,9 göterimini almagyna garaşylýar. Şeýle hem “TikTok”-yň hem mahabatdan alýan girdejisiniň artýandygy mälim edilýär. Hytaý kompaniýasy 2024-nji ýylda sanly mahabatdan 8,6 milliard dollar girdeji gazanar.

Akmämmet Baýramow, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň mugallymy.