Ene her bir çaganyň ilkinji aýdýan sözüdir. Her bir adam üçin iň mähriban, mukaddes sözüň enelerden, ýagny ýaşaýyşdan – toprakdan, suwdan, howadan gözbaş alýandygy ýöne ýere däldir. Şonuň üçin hem ene söýgüsiniň, ene mukaddesliginiň wasp edilmedik döwri ýok bolsa gerek. Söhbedimiziň şu ýerinde ata-babalarymyzyň ir döwürlerden bäri dillerinden düşürmän gelýän tymsallarynyň birine ýüzleneliň.
Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini, zehinini, ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. 0l talyplaryny ýanyna çagyryp: «Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň!» diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny täzeden gaýtalapdyr, küti-küti kitaplary dörjelemäge başlapdyr. Ençeme ägirtleriň eserlerini hem sahypama-sahypa agdarypdyrlar. Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin yhlas edipdirler. Şol günleriň birinde al-Merwezi atly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp, Merwe gidendigini talyplar bilip galýarlar. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp: «Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde bir mukaddes ýer bardyr, ony hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene» diýşipdirler. Birnäçe günden soň al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiň öňünde goýupdyr-da: «Tagsyr, ynha size jennetden bir gysym toprak getirdim» diýipdir. Müderris hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir we ony ähli talybyň öňünde açyp görkezipdir. Üýtgeşik topragy görmäge höwesek talyplar düwünçegiň daşyna üýşüpdirler. Görseler adaty bir gum. Talyplar bu wakanyň syryna akyl ýetirip bilmändirler. Müderris ondan «Hany, şägirt, munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryňa hem düşündir, ýogsam olar ynam etmeýäne meňzeýär» diýipdir. «Tagsyr, hezreti Pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen mübärek sözleri bar. Men hem obama baryp, enemiň basyp giden aýak yzyndan bir goşawuç gum aldym, ine, şu hem jennet topragydyr» diýip, jogap beripdir. Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr. Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy galmandyr. Öwrenen zatlarynyň ýadynda galmandygyna we talap edilýän zadyň asyl hikmetine göz ýetirmän, ony düýbünden başga ýerden gözländiklerine düşünipdirler.
Enelere bolan çäksiz hormat-sylagy ýokarda getirilen tymsalyň mysalynda hem görmek bolýar. Şeýle egsilmez gadyr-gymmat diňe bir tymsallarda däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabynyň «Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi» atly bölüminde-de öz beýanyny tapýar. Kitapda bu barada: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen jümläni ähli perzentleriň aňyna siňdirmegimiz gerek. Enesini razy eden il-ulsuny hem razy edýär, iliň ynamyny gazanýar. «Jennet» diýip ata-babalarymyz hözirli durmuşda ebedi ýaşamaga düşünipdirler. Şol ýaşaýyş, şol durmuş hem perzentleriniň enelere wepadarlygyndadyr» diýen jümle bar.
Mährem kalply enelerimiziň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini halkymyzyň aňyna ornan nakyllardyr atalar sözlerinde hem duýmak mümkin. Olarda şeýle diýilýär: «Enem – Käbäm, atam – Kyblam», «Atadan ogla miras, eneden – gyza», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al».
Goý, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban enelerimize bolan çäksiz söýgi, goýulýan hormat-sarpa bilen ýurdumyzda höküm sürýän bagtyýar durmuş dowamat-dowam bolsun!
Şirin Jepbarowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.