Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Luwr muzeýiniň täze direktory wezipesine Kristof Leribony belledi. Leribo Wersal köşk toplumynyň ýolbaşçysydy. Ol XVIII-XIX asyrlaryň fransuz sungaty ugrundan hünärmen bolup, sungat taryhyndan doktorlyk derejesine eýedir.
Fewral aýynyň ahyrynda Luwruň direktory Lorans de Kar Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona wezipesinden çekilmek barada arza berdi we ol kabul edildi. Döwlet Baştutany bu ädimi jogapkärçilikli hereket hökmünde kabul etdi.
Makron dünýäniň baş muzeýiniň howpsuzlyk, döwrebaplaşdyrmak we «Luwr – Täze Renesans» maksatnamasynyň giň gerimli taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze we güýçli itergä mätäçdigini nygtady.
Prezident de Kara soňky ýyllardaky işi we öz işine wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň jedelsiz ylmy abraýyna esaslanyp, Prezident oňa Fransiýanyň G7-däki başlyklygynyň çäklerinde agza ýurtlaryň iri muzeýleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly täze missiýany hödürledi.
De Karyň wezipesinden çekilmegi Luwrda bolup geçen uly ogurlykdan soň ýüze çykdy: 19-njy oktýabrda jenaýatçylar bary-ýogy dört minudyň içinde taryhy gymmatlyklary ogurlap, muzeýe 88 million ýewro möçberinde zyýan ýetiripdiler.