(Hekaýa)
Den Klark, iňlis ýazyjysy.
1957-nji ýylda kaliforniýaly on ýaşly oglanjyk şol döwrüň meşhur amerikan futbolçysy Jim Braundan awtograf almagy ýüregine düwüpdir. Ýöne uzyndan horja bu oglanjygyň maksadyna ýetmegi üçin käbir kynçylyklary ýeňip geçmegi gerekdi.
Oglanjyk ýarawsyzdygyna, ýagny aýagynyň dogry ösmegi üçin berkidilen polat plastina garamazdan, meşhur futbolçyny görmek üçin stadiona barýar. Onuň petek almaga puly bolmansoň, eşik çalşyrylýan otagda oýnuň gutararyna hem-de Jim Braunyň futbol meýdançasyndan gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Brauny görenine begenen oglanjyk ondan hoşamaýlyk bilen awtograf goýup bermegini soraýar we ol öz goluny goýanda şeýle diýýär:
– Jenap Braun, siziň suratyňyz meniň otagymda asylgy dur. Men siziň meşhur futbolçydygyňyzy bilýärin. Men siziň muşdagyňyz.
Braun ýylgyryp, gitmäge hyýallanypdyr, ýöne oglanjyk ony saklap şeýle diýipdir:
– Jenap Braun, men siziň ähli rekordlaryňyzy täzelemek isleýärin.
Braun geňirgenip:
– Seniň adyň näme? – diýip sorapdyr.
Oglanjyk:
– Orental Jeýms. Dostlarym maňa O.Jeý diýýärler – diýip, jogap beripdir.
Birnäçe ýyldan soň Orental Jeýms Simpson Braunyň goýan üç rekordyny täzeläpdir, ýöne köp sanly şikesleri sebäpli onuň futbol karýerasy tamamlanypdyr.
Maksat – ynsan üçin kuwwatly hereketlendiriji güýç we geljege bolan ynamly ädimdir. Öz öňüňizde maksat goýuň we oňa ýetmek üçin tagalla ediň!
PDF








