9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Premýer-ministriniň syýasy meseleler boýunça baş sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Taraplar bilim ulgamynyň öňünde duran wezipeleri, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň berkidilmegi, hereket edýän resminamalar esasynda netijeli işleriň alnyp barylmagy gepleşikleriň esasy özenini düzdi.
Türkmenistanyň bilim ministri malaýziýaly wekiliýet agzalaryna «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen içgin tanyşmak üçin sapar bilen gelendikleri üçin hoşallygyny bildirip, bu saparyň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin täze mümkinçileri döretjekdigine ynam bildirdi.
Öz nobatynda, Şamsul Iskandar, halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak maksatly ýollan çakylyk haty üçin ministre hoşallygyny bildirdi. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, hyzmatdaşlygy artdyrmaga ýardam etjek birnäçe teklipleri hödürledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Çeşme: education.gov.tm