14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG tarapyndan bilelikde guralan Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen bilelikdäki çäreler boýunça pikir alşyldy.
Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.