23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025) geçiriler. Dünýäniň öňdebaryjy paýtagtynda geçiriljek bu çäre maýadarlara energetika, senagat, ulag, oba hojalygy hem-de ençeme beýleki ugurlar bilen birlikde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maýa goýum taslamalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berer. «Durnukly, gülläp ösýän, depginli ykdysadyýete maýa goýuň» diýen şygara laýyklykda forumyň gün tertibi mazmunly maslahatlaşmalary özünde jemlär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek işewürlik duşuşyklary ýurduň täze maýa goýum mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlary almaga kömek eder. «TEIF 2025» täze mümkinçilikleri açar, innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berip, Türkmenistan hem-de onuň halkara hyzmatdaşlary üçin gülläp ösýän geljegi üpjün eder.
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we senagat ulgamlaryna wekilçilik edýän ýolbaşçylar ýurdumyzyň soňky we geljegi uly maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini peýdalanarlar.
Parižde geçirilen Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlary çekmek boýunça köp maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşmaga ýardam eden «TEIF 2024»-iň üstünligine esaslanyp, öňde boljak çäräniň guramaçylary Kuala-Lumpurdaky «TEIF 2025»-iň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlaryň çekilmegine itergi berjekdigini belleýärler.
Aýtäç ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.