Gaýanaly dalaşgär Karolin Rodriges – Birkett Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň ikinji deslapky ses berlişiginde guramanyň Baş sekretary wezipesine iň köp goldaw aldy.
Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, Rodriges-Birkettiň saýlawlara gatnaşmagyny dowam etmegi goldap, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň sekizisi çykyş etdi, üç agza garşy boldy, dört agza saklandy. Ýedi goldaw sesi we dört garşy ses bilen ikinji orny ÝUNKTAD-yň (BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasy) baş sekretary Rebeka Grinspan eýeledi.
MAGATE-niň ýolbaşçysy Rafael Grossi hem ýedi goldaýjy ses aldy, emma oňa agzalaryň altysy garşy çykdy.
Sanawda bu dalaşgärlerden soňra Senegalyň öňki Prezidenti Maki Sal, ugandaly syýasatçy Olara Otunnu we ekwadorly syýasy işgär Mariýa Fernanda Espinoza Garses ýerleşdi. Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet diňe iki goldaw sesini aldy.
PDF








