London şäher korporasiýasynyň (“City of London Corporation”) geçiren barlaglaryna görä, dünýä maliýe merkezleriniň reýtinginde Nýu-Ýork bilen London deňleşdi. Beýik Britaniýanyň paýtagty bäsdeşlik ukyby babatda geçen ýyldakydan 1 bal artyk gazanyp, 60 bal toplady. Şol bir wagtyň özünde Nýu-Ýorkuň derjesi iki bal artyp, 60-a ýetdi. Şeýlelikde, iki şäheriň maliýe merkezi babatdaky reýtingi deňleşdi. Üçünji orny Singapur (51 bal), dördünji ýeri Frankfurt (46 bal) we bäşinji orny Pariž (43 bal) aldy. Şeýlelikde, London bu reýtingiň taryhynda ilkinji gezek ýeke-täk liderligini elden berdi.
Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny ýatyrmagy bilen iri kompaniýalaryň köpüsi merkezi edaralaryny Ýewropanyň beýleki şäherlerine göçüripdi. Bu bolsa, Ýewropanyň iň uly iňlis dilli ýurdunyň maliýe babatdaky ähmiýetiniň az hem bolsa azalmagyna getiripdi. Londondaky biržalar köp harydyň global bazardaky bahasyny kesgitleýär.
Daýançgeldi Geldiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









