Gyrgyz halkynyň medeni mirasy bolan «Manas» eposy iňlis diline terjime edildi. Gyrgyzystanly iňlis dili mugallymy Akylaý Baýmatowa terjimäniň üstünde uzak ýyllaryň dowamynda işläp, munuň üçin eposyň ähli nusgalaryny ilik-düwme öwrendi. «Manas» mundan öň rus, hytaý, nemes, fransuz we ýapon dillerine terjime edilipdi. 400 sahypadan gowrak bolam bu göwrümli epos elektron nusgada hem elýeterli edildi. «Manas» dünýäniň edebi mirasynyň taryhynda iň uly eposlaryň biridir.

Mundan ozal ÝUNESKO “Manas” eposyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizipdi. Bu epos dünýäniň iň uzyn eposy hökmünde, Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Epos 500 müň setirden ybarat bolup, gadymy hindi eposy, dünýäniň iň uly edebi eserleriň biri Mahabharatadan hem ulydyr.   

Bu epos Manas batyryň, onuň ogly Semeteýiň we agtygy Seýtekiň söweş tälimleri barada gürrüň berýän üç bapdan ybarat eserdir. Rowaýata görä, Manas gyrgyz tireleriniň başyny bir ýere jemläp, olary bir millete öwrüpdir. Eposyň döredilen wagty hakynda ylmy toparlarda häzire çenli çekişmeler dowam edýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, eser miladynyň 840-njy ýyllarynda döredilip, XV-XVIII asyrlara çenli doly kämilleşipdir. Eserde ýurduň häzirki çäklerinde bolup geçen gowgaly taryhy wakalar örboýuna galýar. Manas eposyny Saýakbaý Karalaýew (1894-1971) we Sygymbaý Orozbakow (1867-1930) gyrgyz rawylaryndan ýazyp alyp, geljekki nesillere ýetiripdirler.