UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalynda Norwegiýanyň özboluşly, ýönekeý kluby “Bude-Glimt” yklymyň läheňleri üçin uly howp bolmagyny dowam edýär. 53 müň ilaty bolan Bude şäherindäki 8 müň 270 orunlyk stadionynda Ýewropanyň “men” diýen klublaryny öýlerine eli boş ugradýar. Bu ýerde “Mançester Sitidir” “Interden” soň Lissabonyň “Sportingini” hem ýeňlişe sezewar etdi. 3-0 hasabynda üstün çykan “Bude-Glimt” topary Çempionlar Ligasyndaky bassyr 5-nji ýeňşini gazandy. Norweg toparyna ýeňiş getiren gollary 32-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Fet, 45+1-nji minutda Blomberg hem-de 71-nji minutda Hög derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň “Bude-Glimtiň” çärýek finala has golaýlandygyny bellemek bolar.

Liga tapgyryndaky 8 duşuşygyny-da ýeňiş bilen tamamlan “Arsenal” 1/8 finalyň 1-nji duşuşygynda şol başarnygyny gaýtalap bilmedi. Lewerkuzende ýerli “Baýer” bilen duşuşan “Arsenal” soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. Londonlylar Andrihiň 46-njy minutdaky goluna 89-njy minutda ozal “Baýerde” çykyş eden Kai Hawertsiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly esasynda jogap berdi.