Marokkoda dowam edýän 35-nji Afrika Milletler Kubogynda finala çykan toparlar belli boldy. Finalda ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy bilen Senegalyň ýygyndysy duşuşar.

Ýarym finalda Senegal bilen Müsüriň ýygyndysynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan topary ýeke-täk gol kesgitledi. Şol goly hem Sadio Mane 78-nji minutda derwezä girizip, toparyny finala çykardy. Bu duşuşyk bir wagtlar “Liwerpulda” bile oýnan Mane bilen Salahyň arasyndaky duşuşyk hökmünde görlüp, netijede olaryň birinjisi beýlekisinden üstün çykmagy başardy.

Beýleki ýarym finalda bolsa Nigeriýa bilen Marokkonyň ýygyndylary duşuşyp, oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap açylmady. Ýeňijini oýundan soňky 11 metrlik urgulary kesgitledi. Netijede bu urgularda has erjellik görkezen ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy 4-2 hasabynda öňe saýlanyp, adyny finala ýazdyrdy.
Afrikada uly final: Senegal – Marokko
Senegalyň ýygyndysy mundan öň 3, Marokkonyň ýygyndysy bolsa 2 gezek finala çykdy. Her toparyň 1 çempionlygy bolup, nobatdaky finaldan soň olaryň biri öňe saýlanar. Senegalyň ýygyndysy 2021-nji ýylda Marokkonyň ýygyndysy bolsa 50 ýyl öň, ýagny 1976-njy ýylda çempionlyk gazanypdy. Senegalyň ýygyndysy 2002-nji we 2019-njy ýyllarda, Marokkonyň ýygyndysy bolsa 2004-nji ýylda finalda garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Iki topar finalda özara ilkinji gezek duşuşarlar.
Final duşuşygy Marokkonyň paýtagty Rabatdaky Şazada Mulaý Abdellahyň adyny göterýän 69 müň 500 orunluyk stadionda oýnalar. Duşuşyk 18-nji ýanwarda, ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen ýarygijede, 00:00-da başlanar. Finaldan 1 gün öň, 17-nji ýanwarda bolsa Müsür bilen Nigeriýanyň ýygyndylary bürünç medal ugrundaky duşuşyga çykarlar. Bu duşuşygyň başlanýan wagty 21:00-da diýlip bellenildi.

Çärýek finalda
Çärýek finalda Senegalyň ýygyndysy Maliniň ýygyndysyny Iliman Ndiaýeniň 27-nji minutdaky goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňdi. Ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy bolsa Brahim Diaz (26) hem-de Ismael Saibariniň (74) gollary esasynda Kamerunyň milli toparyny 2-0 hasabynda utup, ýaryşdan çykardy. Brahim Diaz çempionat başlaly bäri her duşuşykda tapawutlanyp gelýär. Şol hasap bilen Nigeriýanyň ýygyndysy-da Alžiriň milli toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Nigeriýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary Wiktor Osimhen (47) bilen Akor Adams (57) öz atlaryna ýazdyrdylar. Çekeleşikli geçen oýundan soň çempion Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy çärýek finaldan yzyna gaýtdy. Müsüriň ýygyndysy bilen duşuşan Kot-d’Iwuaryň milli topary 3-2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda Müsüriň adyndan Omar Marmuş (4), Rami Rabia (32), Mohamed Salah (52) tapawutlansa, Kot-d’Iwuaryň gollaryny bolsa El-Fotuh (40, ö.d.) bilen Guela Due (73) tapawutlandy.
Çärýek finalyň duşuşyklary:
Mali – Senegal: 0-1 (Iliman Ndiaýe 27)
Kamerun – Marokko: 0-2 (Brahim Diaz 26, Ismael Saibari 74)
Alžir – Nigeriýa: 0-2 (Wiktor Osimhen 47, Akor Adams 57)
Müsür – Kot-d’Iwuar: 3-2 (Marmuş 4, Rabia 32, Salah 52 – El-Fotuh 40 ö.d., Due 73)
Ýarym finalyň duşuşyklary:
Senegal – Müsür: 1-0 (Sadio Mane 78)
Nigeriýa – Marokko: 0-0, 2-4 (p)
PDF









