Günüň daşyndan aýlanýan 8 planeta bolup, Mars Günden uzaklygy boýunça dördünji orunda ýerleşýär.
Türkmen edebi dilinde Mars planetasyna Myrryh diýilýär.
Marsda demir oksidiniň köpdügi sebäpli, Ýerden seredilende gyzyl reňkde görünýär. Şol sebäpli bu planeta «Gyzyl planeta» hem diýilýär.
Mars Gün ulgamynda ululygy boýunça 7-nji orunda durýar. Diametri 6 791 kilometre deň bolan bu planeta göwrümi boýunça Ýeriň altydan birine barabardyr.
Seýrek atmosferaly bu planetada howa örän sowuk bolup, 20 dereje ýyly, -153 dereje sowuk bolup bilýär.
Mars Günüň daşyndan 687 gije-gündiziň dowamynda bir gezek aýlaw edýär. Ortaça her 780 gije-gündizden bir gezek Mars Ýeriň garşysyna gelýär. Şonda Mars bilen Ýeriň arasynda uzaklyk 56 million kilometrden 102 million kilometre çenli üýtgäp bilýär. Her 15-17 ýyldan bir gezek Gyzyl planeta Ýeriň has golaýyndan geçip gidýär.
Gün ulgamyndaky iň uly wulkan Marsda ýerleşip, ol «Olympus Mons» diýlip atlandyrylýar.
Marsyň iki hemrasy bolup, olar «Phobos» hem-de «Deimos» diýlip atlandyrylýar.
Marsda bir gije-gündiz 24 sagat 37 minutlap, bir ýyl 687 günläp dowam edýär.
Geçirilen barlaglara görä, Marsda uly buzluklaryň bardygy çaklanylýar.
Marsyň ady gadymy rimlileriň uruş hudaýynyň adyndan gelip çykýar. Munuň sebäbi Marsyň gyzyl reňkde bolmagy bilen düşündirilýär.
Soňky ýyllarda Mars planetasyny öwrenmek maksady bilen kosmos barlaglary has köp geçirilýär. 1976-njy ýylda bu planeta ilkinji kosmos gämisi «Viking Landers» gonduryldy.