Iýmit önümlerini taýýarlaýan «Heinz» kompaniýasy astrobiolog topary bilen Mars planetasynyň howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen pomidordan goýultma öndürdi. Pomidorlar Marsdaky howa şertlerinde emeli usulda döredilen «Gyzyl öý» atly ýyladyşhanada ekildi. Kompaniýa bu ýerde alnan hasyldan öndürilen harydy «Marz Edition» ady bilen köpçülige görkezdi. Hünärmenler ýyladyşhanany döredenlerinde ýagtylyk, ýylylyk we topragyň düzümi ýaly köp zady Marsdaky ýaly edipdirler.
Şeýle hem bu pomidordan öndürilen harydyň ilkinji gaby kosmosa iberildi. Haryt 37 müň metr belende çykarylyp, ýene-de Ýere getirilipdir. Hünärmenler bu tejribäni iki ýylyň dowamynda geçirdiler. Synaga Florida tehnologiýa institutynyň Aldrin adyndaky Kosmos institutynyň hünärmenleri gatnaşdy. Topragyň görnüşiniň kesgitlenmegi, howa şertleri, tohumyň saýlanmagy we ekiniň ösüşi üçin ýokary tehnologiýadan peýdalanylypdyr.
Aldrin adyndaky kosmos institutynyň hünärmeni, doktor Endrýu Palmer taslamanyň uzak möhletli azyk önümçiligini ýola goýmak maksady bilen durmuşa geçirilýändigini aýdyp, goýultma taýýarlap boljak hildäki pomidory ýetişdirmegi maksat edinendiklerini we oňyn netije alandyklaryny belledi.
Esasan kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar beýleki asman jisimlerinde we planetalarda azyk üpjünçiligini yzygiderli ýola goýmagyň aladasyny edýärler.
Arzygül TÄÇLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.