Ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden belleniler.
Bu hünär baýramçylygy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek, täze saglygy goraýyş desgalaryny dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Wise-premýer Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy barada 8-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi we olary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
PDF









