Narine ABGARÝAN, ermeni ýazyjysy
(Hekaýa)
Häzirki zaman görnükli ermeni ýazyjysy Narine Abgarýan 1971-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Ermenistanyň Berd şäherinde dogulýar. Ýerewan şäherindäki W.Ý.Brýusow adyndaky Döwlet dil öwreniş uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty mugallymy hünärini tamamlaýar. Kyssa eserlerini rus dilinde ýazýar. Onuň döredijiligine durmuşa ruhubelent garaýyş, degişmeçillik äheňde beýan ediş bilen utgaşyklylykdaky filosofik oýlanmalar mahsusdyr. Bu bolsa, eserleriniň şüwlümli okalmagyna ýardam edýär.
N.Abgarýan «Manýunýa» atly romany üçin 2016-njy ýylda Russiýanyň «Ýasnaýa Polýana» edebiýat baýragyna mynasyp boldy. 2020-nji ýylda abraýly «The Guardian» neşiri ony Ýewropanyň iň täsirli ýazyjylarynyň sanawyna girizdi.
Ýazyjy zenanyň iň meşhur romanlarynyň biri hasaplanýan «Asmandan üç alma gaçdy» («Three Apples Fell from the Sky») 2020-nji ýylda iňlis dilinde neşir edilýär. 2021-nji ýylda «Zulali» atly powesti esasynda adybir çeper film surata düşürildi.
Ýazyjy häzirki wagtda Moskwada ýaşaýar.
Owanes Boçkansyň eşegi Marlezon ikisiniň arasynda örän sylaşykly, emma arylar bilen welin, örän oňşuksyz gatnaşyk emele geldi. Aslynda, munuň o diýen aýybam ýok, sebäbi Taňrynyň ýaradan ähli janly-jandary bilen ylalaşykly ýaşamak öňýetene berilmändir.
Owanes Boçkans balçydy. Öz işiniň ussadydy. Başarnygyna söz ýokdy. Şeýle ýagdaýam onuň durmuşyna awy gatdy.
Golaýda onuň arylar bilen gatnaşygy düýbünden bozuldy, şonuň üçin indi her sapar bal ýygnamaga edil jeňe gidýän ýaly, hiç aýagy çekmeýärdi. Ol uzyn ýeňli köýnek geýdi, ähli iliklerini dakdy, balagynyň etegini düýrläp, jorabyna dykdy. Ýüzündäki gorag toruny yhlasly barlaşdyrdy. Hojalyk harytlary dükanyndan eline şaplaşyp duran rezin ellik satyn aldy-da, aýalyna olary daňar ýaly guşajyk berkitmegi haýyş etdi. Satenik adamsynyň özdiýenlidigini ýadyna salyp, garşy çykyp durmady, ondan diňe munuň nämä gerekdigini sorap oňdy.
– Sen dak, galanyny görübereris! – diýip, Owanes oňa gömelteý jogap berdi. Onuň şeýle sowal berenlerinde, hemişe keýpi bozulýardy.
– Wah, goýun – diýip, aýaly uludan demini alyp, özbaşyna hüňürdedi-de, köne aşhana süpürgijinden ellik üçin bagjyk ýasamaga oturdy.
Owanes ellikleri aryly gutularyň ýanyna ýetmänkä geýdi. Çep elliginiň uzyn ýüpüni sag egnine, sag eliniňkini çep egnine atdy. Birgeňsi, ýöne ygtybarly gorag emele geldi: daňylar onuň döşüni hem-de boýnuny gysdy, ýöne elliklerini duýdansyz ýitirmekden halas etdi.
– Birdenkä elligim arylaryň gutusyna baranymda gaçaýsa näme? – diýip, Owanes Marlezona gep gatdy. Eşek uzyn gulaklaryny keýerdip makullaýjy pyşgyrdy. Satenikden tapawutlylykda, ol öz hojaýynyna ýarym sözde düşünýärdi.
Bu goşmaça gorag serişdesini Owanes şol gezek gulagyndan ary çakanda, oýlap tapmaly bolupdy. Kyrk ýylyň içinde şeýle ýagdaý eýýäm ýüzünji gezek bolýardy, emma bu sapar welin barysy tersine boldy – onuň gulagy şolbada futbol pökgüsi kimin çişdi-de, şübheli sorkuldap başlady. Yzýany onuň boýny hem çişip ugrady. Owanes aryly gutynyň gapagyny elinden gaçyrdy, golaýynda maýdalyna otlap ýören eşegine ünsem bermän, oba tarap ýelk ýasady. Onuň yzyndan geň galan Marlezon hem aňňyryp eňdi. Olar şeýdip hassahana ýetdiler, öňden «Kamazyň» äpet tigri ýaly çişen Owanes, yzyndan eşek mertebesi kemsidilen Marlezon ýüwrüp barýardy.
– Ahyry sen ata-babalaryňdan göterip gelýän lakamyňy ödediň – diýip, nobatçy lukman meşik ýaly güberilip ýatan Owanese sanjym edip durka loh-loh güldi. Owanesiň oňa käýinesi geldi, emma güp ýaly çişen dodaklary muňa maý bermeýärdi. Ol lukmana ýerliksiz degşendigine düşüner ýaly, nägilelik bilen seredip, myşlady. Lukman elini salgap, ötünçli ýylgyrdy.
Boçkanslaryň neberesi «çelek» diýen lakamy bilen tanalýan çişik Şmawondan başlanýardy. Owanes soňky ýyllar garry atasynyň gylygyny kän ýatlaýardy, atasy uzakly gün telärde güberilip ýatardy hem-de döwşäp potologa sögünerdi.
Bir gezek garry atasynyň gödek sözlerini eşidende, Owanes gaty tolgundy, sebäbi hut garry atasynyň ýokarysynda onuň ene-atasynyň ýatak jaýy ýerleşýärdi.
– Ata, sen ejem bilen kakama sökýarmiň?
Goja neden düwnügipdi.
– Köpeý ogly diýsänim, seň ejeň, kakaň bärik nirden geldi? Men Ýaradana nalyş edýärin. Ol nämüçin meni beýle çişik, üstesine keltejik edip ýaratdy? Onuň wyždany berin barmyka?
Goja ömrüniň ahyrynda ker galdy, emma sesi welin çaslyjady. Şol çasly sesi bilenem asmandaky edara öz nägileligini şeýle bir paýradardy welin, obanyň o çetindäki towuklaram gorkusyna her gün birnäçe gezek ýumurtga bererdiler. Onuň adalatsyz myjabatlaryndan aňkasy aşan Arş-Kürs ahyrynda dogry netijä gelen borly. Sebäbi garrynyň ähli nesli arryk we şilliň bolup doguldylar. Ýöne olaryň hemmesi-de Şmawon çelegiň neberesinden bolan Boçkans familiýasyny göterdi.
Boýnunyň çişi gaýdyşan Owanes agşam hassahanadan öýüne dolandy hem-de ary zäherini göterinip bilmeýändigi baradaky habar bilen keýwanysyny serpmeden gaýdan ýaly etdi.
– Öň sende beýle zat ýokd-a! – diýip, Satenik ör-gökden geldi.
– Öň ýokdy, indi bar.
– Ary çakgysy zäherli däl diýýärler ahyryn – diýip, aýaly ýeň bererli däldi.
– Eger zäherli bolmasa, bar-da, aryly gapyrjagy üstüňe eňter! Maňa birjejigi-de ýeterlik boldy – diýip, Owanes öýkeli hümürdedi.
Durnukly girdeji getirip duran kärinden onuň el ýuwasy gelmeýärdi. Munuň üçin Owanes goşmaça gorag çärelerini gördi – öňem aýdyşym ýaly, ýüpli hojalyk elliklerini, uzyn ýeňli köýnek we jokrama yssyda-da galyň joraba etegi dykylan balak geýindi. Obadaşlary şäherde balçylar üçin arylar-a beýle-de dursun, ýolbarsyň hem dişi ötmejek egin-eşik satylýan dükanyň bardygyny gürrüň edýärdiler. Emma Owanes bu myş-myşlara ynanmaýardy. Onuň aslynda şäherlilere pisindi oturmaýardy. Olaryň arydan başy çykýarmy näme? Ýeri, olar nädip gorag eginbaşyny oýlap tapjakmyşlar. Barysy bolgusyz gürrüň! Tebigatdan üzňe adam doňýürek bolýar. Ondan nämäni talap edersiň? Jypdyrar goýbär, asyl ýüzem gyzarmaz.
Owanes bu barada oýlara çümüp oturyşyna ary çakuwyna allergiýanyň bolgusyz bir zatdygyna ynanasy gelýärdi. Tötänden bolaýan ýagdaý. Ýylda bir gezek taýagyň hem peşeň gümpüldedäýmesi bar diýýärler, emma bu onuň hakyky tüpeňe öwrülýändigini aňladanok ahyryn!
Ine, Marlezony alyp göreli. Owanesiň onuň bilen ýakyn hemşeriligi dessine kemala gelmedi ahyryn. Eşeginden adam ýasaýança görgi baryny gördi. Owanes ony Suren Nazinansdan kän pul – tutuş altmyş amerikan dollaryny berip satyn alypdy. Suren Nebraskada ýaşaýan oglunyň ýanyna göçüp barýardy, hojalygyndaky ähli mallaryny dollara satyşdyrdy. Owanes atasynyň okly hataryny biline dakyndy-da, etrap merkezine gitdi, galp dollar sokmaz ýaly gazaply nazary bilen bankyň işgärini üýşendirip, soňam şakyrdap duran üç sany ýigrimilik dollary döş jübüsine saldy hem-de Sureniň ýanyna ugrady.
Köne hojaýyny bilen eşek asuda hoşlaşdy – diňe guýrugyny bulaýlap oňdy. Ol Owanesiň yzy bilen başyny dik tutup, palçykly kölçeleri usully aýlanyp dikgirdäp barýardy. Ýöne munuň emmajygy-da bar ekeni – eşek Owanesiň howlusyna ýigrimi metr çemesi galanda, ýoluň ortasynda dikilgazyk bolup galaýdy, gozgap bilseň gozga-da. Ne yza, ne öňe süýräp bolýar. Bir sagat eşegi bilen çekeleşip lüt bolan Owanes ahyry özi ýadap howla girer diýen netijä geldi, elini salgady-da, öýüne gitdi.
Ketjal haýwan şeýdip üç gün durdy. Owanes oňa mahal-mahal eýwandan syn edýärdi. Satenik howlynyň daş ýüzünde heýkel ýaly gozganman duran eşege iýer-içer ýaly zat elterdi. Eşek samandan ýüz öwürdi, hatda käşiri görende-de ýüzüni bürüşdirdi, emma suw welin, içdi. Özem tutanýerlilik bilen dymýardy. Üçünji gün diýlende, Owanes dünýäde bar bolan ähli zatlara gargynyp, Sureniň ýanyna gitdi.
– Bar, eşegiňi alyp gaýt, ýalançy! – diýip, işikde durşuna gygyrdy.
– «Ýalançy» diýmäň haýsy manyda bolýar? – Suren öler ýaly gaty gördi.
– Näme, üstümden güljek bolýarmyň?
– Hudaý saklasyn, Owanes!
– Bu haýwan üç gün bäri ýolda dur, howla girenok!
– Beýle zat bolup bilmez!
– Suren, sen diplomly bolsaňam, barypýatan gömük. Eşegiň kellesiniň sag däldigini duýduraýsaň bolmadymy?
– Bu ýerde meň diplomymyň näme günäsi bar? – diýip, Suren ymykly öýkeledi.
– Päheý! – Owanes tüýkürindi-de, öýüne gitdi.
Gelse, eşek howlynyň ortasynda, towuklaryň arasynda dur hem-de olaryň käkelemesine goşup gulaklaryny gymyldatýardy.
– Bu näme boldugy? – diýip, Owanes ör-gökden geldi.
Aýaly ellerini serdi:
– Göz öňüne getirip gör, men diňe derwezäni açdym.
– Onsoň?
– Ol girdi-de gaýdyberdi.
– Nädip?
– Ine, şunuň ýaly! – Aýaly derwezäni açdy-da, bir ýana sowuldy. Eşek çykalga ýöneldi. Aýaly ýene derwezäni ýapdy. Eşek saklandy.
– Onuň ýoluny açyk goýmaly – diýip, Satenik düşündirdi.
Owanes dodaklaryny çeýnedi.
– Onda näme, Suren maňa aýtmadyka?
– Sen o görgüliden adam şekilli soransyň-ow?! – diýip, aýaly ýaňsyly jogap berdi.
– Hetden aşma, heleý – diýip, Owanes gaşyny çytdy, soňam eşegiň kellesini sypalap: – Ýeri, dost bolarysmy? Eger saňa Marlezon diýip at beräýsem, garşy bolasyň ýok-la?!
Eşek oňa ullakan ülje gözlerini dikip, çala başyny silkdi. Şondan bäri hem olaryň arasynda gadyrly gatnaşyk emele geldi – Owanes bir ýana ýola düşenlerinde tüýs wagtynda derwezäni açyp, bir gapdala sowulyp ýol berdi, eşegem oňa wepaly gulluk etdi.
Bu wakany ýadyna salyp, Owanes ary balyna allergiýasynyň bolgusyz düşünişmezlikdigine umydyny ýitirmedi. «Eşek bilen dil tapyşdykmy, arylar bilenem alajy bolar» diýip, ol bal ýygnamaga şaýlanýarka, burnuna salyp hümürdedi.
Aslynda, şol günüň başlaýşy hem meňki bolsun diýer ýaly bolmady. Elbetde, barysyna günäkär Satenik, ol alypdyr-da, soraman, zat etmän, Owanesiň iň gowy görýän paltasyny goňşularyna berip goýberipdir. Owanesiň durmuşda ýüze çykyp biläýjek dürli ýagdaýlara laýyk ulanar ýaly bäş sany paltasy bardy. Ol paltalaryna, hatda söýgi bilenem diýse boljak derejede aýawly garaýardy, olary hiç kime, tokda işleýän çalgydaşa hem ynanman, öz eli bilen ýitelderdi, posuny nepýag bilen aýrardy, agaç sapy guramaz ýaly ýörite sandykda saklaýardy. Aýratyn hem atasyndan miras galan agyr, emma işläniňde çemlije bolan aýpaltasyny aýaýardy. Döwüläýse dagy, onuň ýaly paltany hiç ýerdenem tapjak gümanyň bolmaz diýip, pikir edýärdi.
Indem aňkaw aýaly sebäpli keseki biri onuň garry atasyndan galan paltasy bilen arkaýyn odun aýryp dur.
– Seniň näme iş edeniňe bir akylyň ýetýärmi? – diýip, Owanes odun taraşalaryny çarýana pytradýan goňşusynyň howlusyna zol-zol garap goh edýärdi.
Satenik ilki egnini gysdy, soňra ýaryldy: – Näme, Watanymy satypdyrynmy?
Owanesiň dili tutuldy. – Sen Watanyňy sataňok – diýip, ýarylaýjak boldy: – Sen meni hem-de guralymy masgaraladyň!
Şeýdip ol aýalyndan öýkeläp bal tutmaga gitdi.
Onuň ýoly daşkyrak garyndaşy Žorigiň täzelikde açan dellekhanasynyň ýanyndan geçýärdi.
– Görüp geçeli, ol nähili ýerleşdikä? – diýip, Owanes Marlezony saklady.
Žorik şol wagt Gadrutans Paronyň saçyny bejerýän eken. Owanes salam berdi-de, çiňňerilip Parony synlamaga başlady. Paro örän gelşiksiz zenandy, hatda çydam edip bolmajak derejede betgörkdi. Žorik onuň saçyny usullylyk bilen gyrkýardy.
– Wah, nähili owadan, – diýip, Paro aýnadaky keşbine seredip, şadyýan gygyrýardy: – Gör, nähili owadan!
– Örän owadan – diýip, Žorigem ylalaşýardy: – diýseň owadan!
Paro puluny töläp çykyp gidenden soň, ol garyndaşyna öwrülip, ellerini serdi:
– Eýsem, Owanes kaka, men oňa näme diýeýin?!
– Aý, hawa-da, näme diýersiň, seniňkem mamla – diýip, Owanes ylalaşdy.
– Onuňam işi ýeňil däl – diýip, ol soňra ýolda Marlezon bilen pikirini paýlaşdy: – Gyrk, soňam öw, gyrk, ýene öw. Beýdip ýörseň, özüňi sylamaňy-da bes edersiň.
Owanes Žorige uly hormat goýmak bilen garaýardy, sebäbi ol ýaşlygyny ýatladýardy, Owanesiň özi-de birwagtlar buýra-buýra saçly jahyl ýigitdi. Hut Žorigiň ýaşyndaka, Owanes Satenige öýlendi. Ol ilkinji duşuşyga geýmek üçin şähere gidip şol döwürde nysak bolan balak satyn alyp geldi, ejesinden ony ütüklemegi haýyş etdi. Balak aňrybaşdy, halk arasynda Gün-klýoş diýilýänidi. Ejesi onuň biçüwine aňkaryp galaýdy. Soňra odun peçde çoýun ütügi gyzdyrdy-da, balagy çyg hasa ýapyp ütüklemäge başlady.
Emma Owanes şol gün duşuşyga gitmesiz boldy. Sebäbi Gün-klýoş balagyň görkünden ýaňa huşuny ýitiren ejesi aljyrap, onuň gapdallaryndan şeýlebir peýekun ediji çyzyk ýasapdyr welin, ol balagy geýäýse, çyn aşyklaram utanjyndan ýere girerdi.
Owanes beýle sypatda duşuşyga gitmekden ýüz dönderip, agşamsy bilen ejesine iňirdäp geçdi. Emma ertesi biderek goh edendigi belli boldy, sebäbi Satenik hem duşuşyga gelmän ekeni. Körpe dogany ony ýerzeminde daşyndan gulplapdyr, olam myhmançylyga giden ene-atasy dolanyp gelýänçä aglap oturypdyr.
– Ine, şeýdibem meniň ilkinji duşuşygym puç boldy. Akmak bolupdyrys, aý, hawa-da, sebäbi ýaş, bagtly. Hiç zatdan gorkmaýarsyň, hiç kime gulak asmaýarsyň, heh! – diýip uludan demini alýan Owanes Marlezona gürrüň berýärdi. Birdenem Satenigiň goňşusyna berip goýberen aýpaltasyny ýatlap, gaharlandy: – Şeýle aýal bolup ýetişjekdigini bilen bolsam, oňa öýlenmezdim!
Marlezon toýnajyklary bilen ýoluň gumuny seçeläp barşyna bu gün hojaýynynyň ala-böle geplemsek bolandygy barada pikirlenýärdi. «Gowlug-a däl» diýip, biynjalyk bolýardy.
Marlezonyň çaky balaryly gapyrjaklara ýetilende, dogram çykdy. Hojaýyny ellikleriniň daňylaryny daňmaga derek köýneginiň ýeňlerini çermedi. Derwezäni açyp, eşegi bal tutýan haýatyna goýberdi. Soňam nämüçindir, derwezäni berk ýapdy.
Biraz wagtlap aýaklaryny gezekme-gezek bökjekledip, burnuna salyp, gaharly bir zatlary hümürdedi. Soňam ýumrugyny asmana uzadyp gygyrdy:
– Siziň hakyňyzdan çykaryn! Boçkanslaryň tohum-tijinde heniz arynyň dyza çökeren adamy ýokdur!
Şeýle diýip, ol balaryly gapyrjaklara tarap ynamly gadam urdy, baryp biriniň üçegini gapdala pyzyp goýberdi. Şolbada wyzlap çykan ary onuň elinden çakdy. Ikinji ary gözünden. Owanes üçünji ara garaşyp durman, derwezä tarap ylgady. Emma büdräp, ýüzin ýykyldy. Özünden gitdi.
Muny gören Marlezon aňňyrdy. Goňşy haýatlarda içiňi ýakaýyn diýen ýaly, janly-jemende görünmeýärdi.
Žorik ýüzugra dellekhana öňlügini çözüp ylgaýardy. Onuň yzyndan ýüpli ellikleri bagryna basyp, Satenik süýrenip barýardy.
– Oglum, maňa seretme, ylga! – diýip, ol Žorige gygyrdy. Žorik yzyna gaňryldy, emma ylgawyny peseltmedi:
– Sato ene, siz maňa ol ýerde garaşyň!
Satenik egildi, ellerini dyzlaryna diräp durdy. Demini dürsäp, ýene Žorigiň yzyndan süýrenip ugrady.
– Bilgeşleýin almadyk bolsa gerek! – diýip, ol kimdir birine gürrüň berýän ýaly, ellikleri howada pyrlaýardy.
Žorik oba tarap eňip barýan Marlezon bilen ýarpy ýolda pete-pet geldi. Ony görüp, eşek sakga aýak çekdi-de, pyrlanyp, yza dönüp, gelen ugruna çapyp ugrady.
Owanesi, elbetde, halas etdiler. Ol hassahanada iki gün özüni bilmän ýatdy. Gözüni açanda, ilki soran zady aýpaltasy boldy. Abatmy ýa-da ýoguna ýanypdyrlarmy?
– Abat, seň paltaň abat! – diýip, Satenik gaharlandy: – Sen, gowusy, Marlezony sorasana. Ol toýnaklary bilen ýapyk derwezäni böwüsdi ahyryn! Kömege çagyrmak üçin tutuş obany aýlanyp çykdy!
– Wah, mährem dostum, öz ýörelgelerine garşy gidipdir, ýapyk derwezäniň ýanyna barypdyr! – diýende, Owanesiň gözüne ýaş aýlandy.
Hassahanadan çykandan soňra ol ýene balçy kärine dolandy. Sebäbi ary çakymyna allergiýasynyň aňsat düzedip boljak düşünişmezlikdigine umydyny ýitirmändi. Onsoňam indi öz arylaryndan o diýen çekinibem durmaýardy. Nämüçin çekinmelimişin, sebäbi Boçkanslaryň maşgalasynda heniz arydan ýeňlen adam dünýä inen däldir!
Terjime eden Hemra HUDAÝGULYÝEW.
PDF








