24-nji noýabrda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygynda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifing halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Brifinge Magtymguly adyndaky neşirýat merkeziniň, “Türkmen diýar” žurnalynyň, “Ülkämiz” we “Saçak” sosial habarlar gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Baş konsullyk tarapyndan guralan sergi bilen başlandy. Sergide Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, amaly-haşam, çeperçilik sungatynyň eserleri ýerleşdirildi.
Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Baş konsuly G.Ataýew Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Baş konsullygyň bilelikde taýýarlanyp, çap edilen žurnal bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
Ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Baş konsuly Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary derejelere göterilýändigini belledi.
Şeýle hem, Baş konsul döwletimiziň bitaraplyk syýasatyna eýerip, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak we özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan görnükli işleri barada giňişleýin beýan etdi.
PDF









