«Compare the Market» maslahat beriş kompaniýasy çagaly maşgalalar üçin ýaşamaga iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady. Awstraliýada ýerleşýän kompaniýanyň hünärmenleri şäherleriň howpsuzlyk, gök meýdanlaryň çägi, ýaşaýşyň bahasy, çaga doglanda iş ýerinden berilýän rugsat we okuw üçin töleg ýaly ölçeglere baha berdiler. Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden jemi 50 şäher girizilip, Awstraliýanyň Brisben şäheri birinji ýeri eýeledi. Kwinslend ştatynyň paýtagty bolan şäher maşgala agzalaryň bilen gezelenç eder ýaly gök zolaklary bilen tapawutlanýar. Ikinji orny London (Angliýa), üçünji ýeri Oklend (Täze Zelandiýa) eýeledi. Ilkinji onluga Helsinki (Finlýandiýa), Sidneý (Awstraliýa), Pert (Awstraliýa), Melburn (Awstraliýa), Stokgolm (Şwesiýa), Berlin (Germaniýa) we Seul (Koreýa Respublikasy) giripdir.
Kompaniýa mundan ozal 2023-nji ýylda hem şeýle sanawy taýýarlap, 38 şähere baha beripdi. Şonda Stokgolm birinji orny eýeläpdi.
Laçyn Orazowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
PDF









