Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde tehniki uniwersitet açmakçy. Bu barada Maskyň “The Foundation” haýyr-sahawat guramasyna salgylanyp, “Bloomberg” agentligi habar berýär.
Mask bilim toplumyna, takmynan, 100 million dollar maýa goýdy. Toplum tehniki derslere gönükdirilen başlangyç we orta mekdepleri öz içine alar. Açylyşdan soň bilim işini ýokary derejeli bilime ýöriteleşýän uniwersiteti döretmäge çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Uniwersitetiň açyljak senesi yglan edilmedi, ýöne toplumyň açylyşy üçin arza 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda tabşyrylyp, 2023-nji ýylyň mart aýynda tassyklandy.