Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2025 — 2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine sagat 9:00-da we maý aýynyň 14-ine sagat 10:00-da geçiriljek
«AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi bilen tanşyp bilerler.
Konserwatoriýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 1984-nji köçäniň 22-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-28-85, 92-36-11.
HOŞ GELDIŇIZ!