Moldowa Respublikasynyň paýtagty Kişinewda geçirilen dabarada Maýýa Sandu kasam kabul edip, Prezident wezipesine girişdi. Bu syýasy çärä deputatlar, Konstitusiýa kazyýetiniň agzalary we daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Maýa Sandunyň kasam kabul ediş dabarasy Parlament we Konstitusiýa kazyýetiniň bilelikdäki maslahaty bilen guraldy.
– Moldowa Respublikasynyň gülläp ösmegi, ýurduň Konstitusiýasyna we kanunlaryna boýun bolmak, demokratiýany, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, agzybirligi saklamak we çäk bitewiligini goramak üçin ähli güýjümi we başarnygymy orta goýmaga kasam edýärin – diýip, Sandu kasamyň tekstini okady.
Ozal habar berlişi ýaly Maýýa Sandu 15-nji noýabrda Moldowa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 57,75 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi häzirki Prezident Igor Dodon bolsa, sesleriň 42,26 göterimine eýe boldy. 1-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda bolsa, Moldowanyň Prezidentligine dalaşgärleriň hiç biri-de sesleriň 50 göterimden gowragyny gazanyp bilmedi. “Hereket we raýdaşlyk” partiýasynyň başlygy Maýýa Sandu we häzirki Prezident Igor Dodon döwlet Baştutany wezipesine dalaş etdiler. Birinji tapgyrda Maýýa Sandu 36,16 göterim, Igor Dodon bolsa, 32,61 göterim ses alypdy.