Medeniýet hepdeligi köpöwüşginli çärelere beslenýär

2

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de sun­ga­tyň, çe­per dö­re­di­ji­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan köp san­ly me­de­ni çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu gu­ral­ýan me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ga­zan­ýan ösüş­le­ri, hal­ky­my­zyň baý ru­hy-me­de­ni dün­ýä­si öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi Di­ýa­ry­myz­da me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň hem-de ede­bi­ýa­tyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän ta­gal­la­la­ryň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýär. Bu çä­re mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ýyl ol ýur­du­my­zyň Bal­kan we­la­ýa­tyn­da geçirilýär.
22-nji iýun­da Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Ka­şaň bi­na­nyň sah­na­syn­da sun­gat us­sat­la­ry­nyň, ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, dür­li mil­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­niň hem-de meş­hur aý­dym-saz to­par­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry giň­den ýaňbaň­lan­dy. Joş­gun­ly aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar­da ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly bar­ýan ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň we Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň was­py ýe­ti­ril­di.
Şol gün Bal­kan we­la­ýat Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­de «Mu­zeý­ler­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň hem-de mu­zeý gaz­na­sy­ny baý­laş­dyr­ma­gyň tej­ri­be­si» at­ly mu­zeý hü­när­men­le­ri­niň usu­ly mas­la­ha­ty hem ge­çi­ril­di. On­da ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň edildi.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki Ne­bit­çi­ler me­de­ni­ýet köş­gün­de Ar­ka­dag, Aş­ga­bat şä­her­le­ri­niň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bi­len do­wam et­di. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň, bag­şy-sa­zan­da­la­ryň, tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry hep­de­li­giň il­kin­ji gü­nü­niň çä­re­le­ri­niň da­ba­ra­sy­ny has-da be­len­de gö­ter­di.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň ikin­ji gü­ni hem dür­li wa­ka­la­ra baý bol­dy. Onuň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýa­tyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da­ky me­de­ni­ýet mer­ke­zin­de gu­ra­lan «Ha­ty­ra­sy be­lent ha­ly­pa­lar» at­ly aý­dym-saz­ly dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gyn­da ta­ny­mal sun­gat us­sat­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň bar­ha baý­laş­ma­gy­na my­na­syp go­şant go­şan­dyk­la­ry nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bir­nä­çe us­sat­lar ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dur­lup ge­çil­di. Hu­su­san-da, Baý­ram şa­hy­ryň, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Sa­ry Gar­ry­ýe­wiň, Giç­gel­di Ama­no­wyň, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan bag­şy­sy Baý­ram­gu­ly Aý­ja­no­wyň dö­re­di­ji­li­gi, ömür ýo­ly ba­ra­da tä­sir­li söh­bet edil­di.

Çy­kyş­lar­da Baý­ram şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik mi­ra­syn­dan aý­dym­la­ra, döw­re­bap eser­le­re uly orun be­ril­di. Dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da bag­şy-sa­zan­da­lar joş­gun­ly aý­dym-saz­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny, te­bi­gat gö­zel­li­gi­ni wasp et­di­ler. Şol gün «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň me­de­ni-sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len «San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly döw­re­bap okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti» at­ly mas­la­hat hem köp adam­ly bol­dy. Çy­kyş eden­ler öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we yl­myň ös­me­gi bi­len, ada­myň ze­rur­lyk­la­ry­na gö­nük­di­ri­len «akyl­ly» jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di­ler. San­ly­laş­dyr­ma­gyň tä­si­ri as­tyn­da zäh­met ba­za­ryn­da, bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şin­de hem düýp­li öz­ge­riş­­ler bo­lup geç­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly öz­gert­me­ler şert­le­rin­de zäh­met ba­za­ryn­da bo­lup geç­jek üýt­geş­me­ler ba­ra­da­ky me­se­le köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Bal­kan we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da «Ga­raş­syz­lyk­dan gal­kyn­ýan me­de­ni­ýet» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi­ni jem­le­mek da­ba­ra­sy, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ha­ly­pa we ýaş şa­hyr­la­ry­nyň «Yl­ham joş­gu­ny» at­ly ede­bi­ýat ag­şa­my ge­çi­ril­di. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän şeý­le bäs­le­şik­ler tä­ze ze­hin­le­riň hal­ky­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ru­hy ha­zy­na­sy­na, baý mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­ma­ga şert dö­red­ýär.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gat­na­şy­jy­lar üçin Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki Ne­bit­çi­ler me­de­ni­ýet köş­gün­de Bal­kan hem-de Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti ge­çi­ril­di. Halk aý­dym-saz­la­ry­nyň, est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­nyň folk­lor to­par­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly tans­la­ry bi­len ut­gaş­ma­gy kon­ser­tiň mak­sat­na­ma­sy­nyň döw­re­bap de­re­je­de taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn çe­me­le­şi­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hep­de­li­giň ikin­ji gü­nü­niň çä­re­le­ri we­la­ýa­tyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da jem­len­di. Bu ýer­de «Be­dew ro­wa­ýa­ty» at­ly sah­na oý­nu­nyň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. On­da türk­men be­de­wi­niň we­pa­dar­ly­gy dür­li wa­ka­la­ryň üs­ti bi­len açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Küşt­dep­di­niň gaý­ta­lan­ma­jak öwüş­gin­le­ri siň­di­ri­len spek­takl­da be­hiş­di be­dew­le­ri ýe­tiş­di­ren türk­men top­ra­gy, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň owa­dan­ly­gy çe­per wasp edil­ýär.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň üçün­ji gü­nün­de oňa gat­naş­ýan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri Ha­zar deň­zin­de gä­mi­li ge­ze­lenç et­di­ler. Mu­nuň özi soň­ky ýyl­lar­da ta­nal­maz de­re­je­de öz­ge­ren «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň gö­zel gör­nü­şi­ni we bu kün­je­giň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, go­ja­man deň­ziň gi­ňiş­lik­le­ri­ni syn­la­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik bol­dy.
We­la­ýa­tyň Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­de ýur­du­my­zyň su­rat­keş­le­ri­niň «Sun­gat gö­zel­li­gi — yl­ham çeş­me­si» at­ly şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si hep­de­li­giň üçün­ji gü­nü­niň öz­bo­luş­ly wa­ka­sy­na öw­rül­di. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň su­rat­keş­le­ri­niň dür­li ugur­lar­da dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri ýer­leş­di­ril­di.
Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň no­bat­da­ky gü­nü­niň mak­sat­na­ma­syn­da du­şu­şyk­lar­dyr beý­le­ki çä­re­le­re giň orun be­ril­di. Şol san­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da ýur­du­my­zyň halk teatr­la­ry­nyň ara­syn­da gu­ra­lan «Şa­dy­ýan şa­han­daz­lar» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nip, ýe­ňi­ji­ler sy­lag­la­nyl­dy. Türk­men­ba­şy et­rap me­de­ni­ýet mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy hem-de 2026-njy ýy­lyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li «Ar­ka­dag­ly Wa­ta­ny­myz — dil­ler­de des­sa­ny­myz» at­ly dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Ag­şam Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki Ne­bit­çi­ler me­de­ni­ýet köş­gün­de Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da­ky baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň üçün­ji gü­nü­niň öz­bo­luş­ly jem­len­me­si­ne öw­rül­di.


Hep­de­li­giň dör­dün­ji gü­nün­de Bal­kan we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da «Eme­li aňyň ös­ýän şert­le­rin­de – me­dia ul­ga­myn­da tä­ze müm­kin­çi­lik­ler» at­ly met­bu­gat bri­fin­gi ge­çi­ril­di.
Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň we sun­ga­ty­my­zyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň giň ge­rim­li çä­re­le­ri uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip, do­wam ed­ýär.