Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze döwrüniň şamçyragydyr. Bu şäherdäki her bir desga özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Çünki ol desgalarda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, öz mähriban halky baradaky çuňňur aladalary bar. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň täze taryhynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň gözbaşynda duran Milli Liderimize köňül buýsanjynyň, çäksiz ynamynyň dabaralanmasydyr.
Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy mekanynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman şähergurluşygyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Dabaraly açylan wagtyndan bäri geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäheri «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy ulgamynda ýokary görkezijilerini, innowasion mümkinçiliklerini we ekologiýa derejesini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalar hem-de baýraklar bilen sylaglanyldy. Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp boldy. Mundan başga-da, Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen «akylly» şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de gymmatly maslahatlaryny berýär. Gahryman Arkadagymyz şäheri dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş-medeni we beýleki dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalardyr edara binalary iň kämil innowasion çözgütler bilen enjamlaşdyrylandyr. «Akylly öý» tehnologiýasy esasynda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary Arkadag şäheriniň esasy aýratynlygydyr. Ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ähli amatlyklar bilen bir hatarda, öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy ýola goýlandyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini uzak aralykdan smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär.
Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Sanly ulgamyň soňky gazananlary, döwrebap innowasion çözgütlerdir «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylan bu ajaýyp şäher halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
Zeminde parahatçylygy üpjün etmekde oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyryp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
PDF








