Ýa­kyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­ga­ryf mi­nistr­li­gi­niň «Da­ryn» yl­my-ama­ly mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka we in­for­ma­ti­ka ders­le­ri bo­ýun­ça XXI Hal­ka­ra Žau­ty­kow olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň ze­hin­li mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň 21-si gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler.
As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­na dün­ýä­niň 15 ýur­dun­dan 700-den gow­rak okuw­çy gat­naş­dy. Türk­me­nis­tan­ly okuw­çy­lar ta­kyk ders­ler bo­ýun­ça 2 al­tyn, 4 kü­müş we 6 bü­rünç, umu­my­lyk­da 12 me­dal ga­zan­dy­lar. Mu­nuň özi ýaş­la­ryň bi­lim al­mak­la­ry, ta­kyk ders­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn we çuň­ňur öz­leş­dir­mek­le­ri ug­run­da ýur­du­myz­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň oňyn ne­ti­je­si­dir.
Ma­te­ma­ti­ka der­sin­den ge­çi­ri­len bäs­le­şik ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri üçin has üs­tün­lik­li bol­dy. Mek­dep okuw­çy­la­ry­myz şu ugur­dan 9 me­dal ga­zan­dy­lar. Hal­ka­ra olim­pia­da­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 135-nji or­ta mek­de­biň 12-nji synp okuw­çy­sy H.Al­la­ber­di­ýew al­tyn me­da­la we şol mek­de­biň 12-nji synp okuw­çy­sy M.Ba­ba­gel­di­ýew, paý­tag­ty­myz­da­ky iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 12-nji synp okuw­çy­sy R.Aga­my­ra­dow hem-de ma­te­ma­ti­ka we iň­lis di­li ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 49-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy B.Ak­my­ra­dow kü­müş me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­la­ry M.Meý­lis­my­ra­dow, B.Işan­my­ra­dow we şol mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy S.Ho­ja­ni­ýa­zow, paý­tag­ty­myz­da­ky dil ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy M.Rus­la­now, Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy H.Hu­daý­be­re­now da­gy bol­sa ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça bü­rünç me­da­ly ga­zan­dy­lar.
Fi­zi­ka der­si bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 12-nji synp okuw­çy­sy J.Nu­ry­ýew al­tyn me­dal, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky 43-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy D.An­na­my­ra­dow kü­müş me­dal ga­za­nyp, hal­ka­ra bäs­le­şik­de ýur­du­my­zyň to­pa­ry­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­du­lar. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Y.Aman­my­ra­dow bol­sa in­for­ma­ti­ka bo­ýun­ça bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup, bu ugur­da ýe­ke-täk me­da­ly to­pa­ryň ady­na ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy.