Şu ýylyň iýul aýynyň 14-24-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde onlaýn usulda 62-nji Halkara matematika olimpiadasy (IMO 2021) geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Rumyniýa, Norwegiýa, Peru, Filippinler, Portugaliýa, Senegal, Türkiýe, Gazagystan ýaly dünýäniň jemi 107 döwletinden 619 okuwçy gatnaşdy. Bu abraýly halkara bäsleşigine türkmen ýaşlary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen okuwçylaryna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.

10 gün­läp do­wam eden bi­lim bäs­le­şi­gin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 11-nji synp okuw­çy­sy Mu­ham­met­my­rat Goç­my­ra­dow, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Jen­net Za­ma­no­wa we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 87-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Na­gym Taň­ry­gu­ly­ýew bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 10-njy synp okuw­çy­sy Emir Wel­le­kow bilen Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Di­dar Ga­ýy­pow hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de 52 al­tyn, 103 kü­müş, 148 bü­rünç me­dal­lar bi­len bir ha­tar­da Hor­mat hat­la­ry hem gow­şu­ryl­ýar. Bu ýyl­ky bäs­le­şik­de 6 al­tyn me­dal ga­za­nan Hy­taý bi­rin­ji, 5 al­tyn me­dal ga­za­nan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy ikin­ji, 5 al­tyn me­dal ga­za­nan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçün­ji or­ny eýe­le­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýär. Il­kin­ji olim­pia­da 1959-njy ýyl­da Ru­my­ni­ýa­da ge­çi­ril­di. Her ýyl­da gu­ral­ýan bäs­le­şi­ge 100-den gow­rak ýur­duň we­kil­le­ri gat­na­şyp, azyn­dan 6 okuw­çy goýberýärler. Bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan ýurt­la­ryň ila­ty dün­ýä ila­ty­nyň 90 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. IMO mek­dep okuw­çyla­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iň ab­raý­ly hal­ka­ra bäs­le­şigi ha­sap­lan­ýar.

Hal­ka­ra bio­lo­gi­ýa olim­pia­da­sy

Bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri türk­men ýaş­la­ry hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ryn­da baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Iýul aýy­nyň 18-23-i ara­ly­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň Lis­sa­bon şä­he­rin­de on­laýn ar­ka­ly ge­çi­ri­len Hal­ka­ra bio­lo­gi­ýa olim­pia­da­syn­da hem türk­men okuw­çy­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Hal­ka­ra bio­lo­gi­ýa olim­pia­da­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­riň bi­ri­dir. Bu ab­raý­ly bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry bir­nä­çe ýyl bä­ri gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar.
Şu ýyl­ky bäs­le­şi­ge dün­ýä­niň 76 ýur­dun­dan 304 okuw­çy gat­naş­dy. Bu ab­raý­ly hal­ka­ra olim­pia­da ýur­du­my­zyň ze­hin­li mek­dep okuw­çy­la­ryn­dan dü­zü­len to­pa­ra Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň bio­lo­gi­ýa mu­gal­ly­my Ber­di­my­rat Ýaz­ha­now ýol­baş­çy­lyk et­di.
Bäs­le­şik­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Hoş­gel­di Hal­la­ýew bü­rünç me­da­la, şol mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Aý­lar Be­gen­jo­wa hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 11-nji synp okuw­çy­sy Azat Me­re­dow hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Hal­ka­ra bio­lo­gi­ýa olim­pia­da­sy 1990-njy ýyl­dan bä­ri 20 ýaş­dan ki­çi ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär. Oňa dün­ýä­niň 80-e go­laý ýur­dun­dan we­ki­li­ýet gat­naş­ýar. Gel­jek ýyl bu bäs­le­şik Er­me­nis­tan­da ge­çi­ri­ler.