Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa mekdeplerde el telefonlarynyň gadagan edilmegi barada ýurduň Milli Kongresinde kabul edilen kanuny tassyklady. Täze düzgüne görä, başlangyç we orta synplarda okuw hem-de arakesme wagtynda telefon ulanmak gadagan ediler. Telefon diňe pedagogik maksatlar üçin, gyssagly ýagdaýlarda hem-de mugallymlaryň gözegçiligi astynda ulanylyp bilner. Täze düzgün fewral aýyndan başlap güýje girer. Lula da Silwa bu barada şeýle çäklendirmäniň gereklidigini, beýleki käbir ýurtlarda hem şuňa meňzeş düzgünleriň ýola goýlandygyny aýtdy.
Ýurduň Kongresi 2024-nji ýylyň dekabrynda mekdeplerde telefon ulanylyşynyň çäklendirilmegi bilen bagly kanun teklibini kabul edipdi.
Geçen ýylyň maý aýynda Getulio Wargas gaznasy (Fundação Getulio Vargas) uniwersiteti Braziliýada ilatdan köp smartfony bardygyny, ýagny ýurduň ilatynyň 203 milliondygyny, smartfonlaryň sanynyň 258 milliondygyny mälim edipdi. Ýerli barlag geçirijiler braziliýalylaryň her günde ortaça 9 sagat 13 minutyny ekranyň başyndan geçirýändigini belleýärler.