Golaýda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly özboluşly robotpisind ýolbelet peýda boldy. Ol zyýaratçylary ýol görkezmäge kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaý ýaly 11 dilde sowallara jogap berýär. 4-9-njy iýunda guralýan haj möwsüminde şäheriň iň uly metjidinde zyýaratçylaryň köp gelmegine garaşylýar. Şonuň üçin häkimiýetler oňaýlylygy üpjün etymek maksady bilen tehnologiýalary öňünden ornaşdyrýar.
Robotpisind enjam däp-dessurlaryň neneňsi berjaý edilişi, ybadathanada özüňi alyp barmagyň düzgünleri we ybadat etmegiň ähmiýeti barada gürrüň berýär. Robotpisind enjam sensor ekran, kameralar, mikrofon we nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Dört tigirde hereket edýän enjam zyýaratçylaryň hereketine päsgel bermeýär. Enjamda ulanylýan 5G ulgamy oňa tiz jogap bermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Mekgede zyýaratçylara gözegçilik etmek we olaryň hereketini düzgünleşdirmek maksady bilen emeli aňly sensorlar we kameralar oturdyldy.