Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilýän möwsümiň 1-nji “Uly tuwalga” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky finalçylar belli boldy. Ýarym final oýunlaryndan soň belarusly Aryna Sabalenka bilen gazagystanly Ýelena Rybakina çempionlyk ugrunda duşuşarlar.
Sabalenka ýarym finalda ukrainaly Elina Switolinany 6:2 we 6:3 hasaplar bilen ýeňmegi başardy. Sabalenka bassyr 4-nji gezek “Awstraliýa Açykda” finala çykdy. Ol Martina Hingisden soň (2000) şeýle görkezijä ýeten ilkinji tennisçi boldy. Şweýsariýaly Hingis 1997-2002-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6 gezek finalda oýnapdy we şolaryň başdaky 3-sinde çempionlyk gazanypdy. Sabalenka “Uly tuwalgalarda” 8-nji finalyny oýnar.
Asly rus bolan gazagystanly Ýelena Rybakina ýarym finalda amerikaly Jessika Pegulany 6:3 we 7:6 hasaplar esasynda ýeňip, 2023-nji ýyldan soň 2-nji gezek “Awstraliýa Açykda”, umumylykda bolsa 3-nji sapar “Uly tuwalganyň” finalyna çykdy.
Rybakina 2023-nji ýylda “Awstraliýa Açygyň” finalynda çekeleşiki geçen oýunda Aryna Sabalenkadan 1-nji setde üstün çyksa-da, soňlugy bilen 2-3-nji setlerde asgyn gelipdi (4:6, 6:3, 6:4).
Sabalenka bilen Rybakinanyň arasyndaky final duşuşygy şenbe güni oýnalar. Duşuşyk 13:30-da başlanar.
PDF









