Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Germaniýada geçiriljek “Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatyna” gatnaşar. Bu barada ýetginjekleri ýaryşa taýýarlaýan “Kämil bilim” okuw merkezinde habar berildi.

Çempionat şu ýylyň 4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriler. Ýurdumyza 8 sany zehinli ýetginjek wekilçilik eder.

2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa her ýyl dünýäniň 20-ä golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşikde gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýärler.

Türkmenistanly ýaşlar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly esasy amallar bilen bir hatarda, köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly has çylşyrymly ugurlarda öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň şertine görä, ýetginjekler 2 sagadyň dowamynda ähli soraglary diňe ýatdan işläp, dogry jogaplary bermeli bolarlar.

Çempionata gatnaşjak türkmen okuwçylarynyň sanawy şulardan ybarat:

  1. Omar Akmyradow (Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  2. Abdullah Baýramgeldiýew (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  3. Liwanur Berdiýewa (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  4. Hatyja Durdymämmedowa (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  5. Patma Gündogdyýewa (Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  6. Allaguly Ýusupow (Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi)
  7. Ýeňiş Çerkezow (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Balkanabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)
  8. Mekan Nurgeldiýew (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)

Ýeri gelende aýtsak, çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda ýörite bäsleşik esasynda düzüldi. Şonda ýetginjekler Dünýä çempionatyna meňzeş şertlerde, 23 sahypadan ybarat bolan soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermegi başaryp, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.