Şweýsariýaly meşhur zenan futbolçy, özüniň owadanlygy bilen belli bolan Alişa Leman ýene-de Angliýa dolanyp geldi. Ol “Lester Sitiniň” zenanlar toparynyň düzümine goşuldy. 2024-nji ýylyň tomsunda şol wagtky söýgülisi Duglas Luiz bilen bilelikde “Ýuwentusa” transfer bolan Leman turinlileriň düzüminde 22 oýunda 2 gol geçirdi. Şu möwsümiň başynda-da “Komo” toparyna geçen 21-nji ýanwarda 27 ýaş toýuny bellän Leman bu klubda 9 oýunda 1 gol saldy.

Tanymal hüjümçi Angliýada mundan öň 3 klubda – “West Hamda” 2,5, “Ewerton” ýarym hem-de “Aston Willada” bolsa 3 möwsüm çykyş edipdi. Owadan oýunçy klub karýerasy boýunça 245 duşuşykda 77 gezek tapawutlandy. Şahsy durmuşy bilenem ünsden düşmeýän Alişa Leman Şweýsariýanyň ýygyndysynda-da 65 duşuşykda 10 gol geçirdi.
Leman täze klubunda 11-nji belgili köýnekçäni geýer.
PDF









