Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň, baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan häzirki zamanamyzda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen meşhur şahsyýetleriň zähmet we durmuş ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Şeýle şahslaryň biri hem Saçly Dursunowadyr. Ol 1918-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol çagalygyndan ýetim galyp, çagalar öýünde terbiýelenýär. 1932-1936-njy ýyllar aralygynda ozalky Aşgabat şäherindäki lukmançylyk tehnikumyna okuwa girýär we okuwyny tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Şol ýylyň özünde, ýagny 1936-njy ýylda Türkmen döwlet medisina institutyna okuwa girmek bagty oňa miýesser edýär. 1941-nji ýylda okuwyny tamamlandan soň şol ýylyň sentýabr aýyna çenli häzirki Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherçesinde zähmet çekip, nazaryýetde alan bilimlerini amaly lukmançylykda peýdalanýar. 1941-nji ýylyň sentýabr aýyndan 1942-nji ýylyň aprel aýyna çenli bolsa şol wagtky saglygy saklaýyş halk komissariatynyň apparatynda işlän döwri, nägehan urşuň tutaşan wagty bu dogumly zenan öz islegi bilen urşa gitmekligi maksat edinýär we fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär.
Saçly Dursunowa 1942-nji ýylyň aprel aýynda Stalingradyň eteginde söweşjeň 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol urşuň janly şaýady bolýar, ýaraly esgerlere ruhy taýdan goldaw we lukmançylyk kömegi bilen yzygiderli ýardam berýär, şeýdibem ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Beýik Watançylyk urşuny doly geçenleriň hatarynda medisina gullugynyň kapitany S. Dursunowanyň görkezen edermenlikleri üçin «Lenin», «Gyzyl ýyldyz» ordenleri bilen hem-de «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilenligi üçin», «Kýonigsbergiň eýelenendigi üçin», «Germaniýadan üstün çykanlygy üçin» medallary bilen sylaglanýar. 1945-nji ýylda ýeňişden soň hem ol harby medisina gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek bilen, bejergä mätäç ýaraly esgerlere kömek edip gelipdir. 1946-njy ýylyň sentýabrynda bolsa uruşdan dolanyp gelýär.
Köp işleri edip, öz borjuny birkemsiz ýerine ýetiren S. Dursunowa 1955-nji ýylda medisina ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini, 1973-nji ýylda bolsa medisina ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar.
Ol 1970-nji ýyla çenli Aşgabadyň Epidemiologiýa hem-de Gigiýena institutynda ylmy işgär bolup işleýär. 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysynyň orunbasarlygyna saýlanylýar. 1971-1972-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet medisina institutynyň Ýokanç keselleri kafedrasynyň müdiri wezipesinde öz zähmet ýoluny dowam etdirýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli bolsa Türkmen döwlet medisina institutynyň rektory, soň ylmy işler boýunça prorektory wezipelerinde işleýär.
Saçly Dursunowa ýurdumyzda medisina ylmynyň ösmegi üçin köp işleri bitiripdir. Saglygy goraýyş ulgamynda bitiren bimöçber işleri üçin «Saglygy goraýyşda tapawutlanan», «Türkmenistanyň at gazanan lukmany» diýen ýokary ada eýe bolýar, Türkmenistanyň Ýokary Mejlisiniň Hormat hatlary we «Hormat nyşany» ordeni bilen sylaglanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan, Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmekliginde Ahalyň merkezinde gurulýan binalaryň biri bolan Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine S. Dursunowanyň adynyň dakylmagy lukmanlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Biz hormatly halypalarymyzyň ýagty ýadygärligini hiç haçan ýatdan çykarmarys, olaryň bize miras goýan, ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini hemişe öz tejribämizde ulanarys.
Ýarangeldi Çaryýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keselleri kafedrasynyň assistenti.