Pop aýdymynyň şasy Maýkl Jeksonyň aýdym-saz hukuklarynyň ýarysynyň satyljakdygy mälim edildi. Bu satuwyň bahasynyň 800-900 million dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar. Bellenilişine görä, «Sony» we onuň geljekki maliýe hyzmatdaşynyň arasynda Jeksonyň neşir, ýazgy arkaly satylýan aýdym-saz girdejileri, «MJ: The Musical» atly Brodweý çykyşy we ýakynda çykmagyna garaşylýan biografik filmiň paýnamalarynyň ýarysyny almak üçin gepleşik geçiriler. Häzirki wagtda «Primary Wave Music» kompaniýasynyň Jeksonyň neşirýat katalogynda paýnamasy bar.
Mundan ozal «Sony» kompaniýasy amerikan aýdymçysy Brýus Springstiniň neşirýat we ýazgyly aýdym-saz kataloglaryny 600 million dollara satyn alypdy.
Jeksonyň ýazgyly aýdym katalogy iň girdejili kataloglaryň biri hasaplanýar. 1982-nji ýylda Jeksonyň «Thriller» albomy iň köp satylan ikinji albom bolupdy.
Şeker KULIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
PDF









