Dünýä Kubogynyň häzirki eýesi Argentinanyň super ýyldyzy Lionel Messi belki-de soňky sapar milli ýygyndynyň düzümine oýnan bolmagy mümkin. Iň bolmanda, 38 ýaşyndaky oýunçynyň milli toparyň düzümi bilen Argentinanyň çäginde soňky resmi duşuşygyny geçirendigi anyk. Öz meýdançasynda 3-0 hasabynda Wenesuelanyň ýygyndysyny ýeňen Argentinanyň super ýyldyzy duşuşykdan soň tolgundyryjy beýanatlar berdi. Duşuşykdan öň türgenleşiklerde janköýerleriň goldaw beren mahaly gözýaşlaryny saklap bilmedik ýyldyz oýunçy indiki ýyl geçiriljek Dünýä Kubogyna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada anyk zat aýtmady.

Duşuşykda 2 gol salan Messi: – Katar 2022 tamamlanan dessine şeýle diýipdim; mundan soňky Dünýä Kubogyna gatnaşaryn öýdemok. Ýaşymyň bir çene gelendigi sebäpli, iň gowusy gatnaşmazlyk, ýöne biz eýýäm Dünýä Kubogyna ýollanma aldyk. Hyjuwym, islegim bar. Hemişe diýşim ýaly, her güni, her duşuşygy aýratynlykda seljerýärin. Mümkin däl diýip bolmaz. Şol wagtlaram aýdypdym, 39 ýaşda Dünýä Kubogynda çykyş etmegim dogry däl ýaly. Ýöne öňümizde entek 9 aý bar, uzak wagt. Ýöne iň esasy zat her güni aýratyn seljerip, durmuşdan lezzet alyp ýaşamak. Şu ýyl yzly-yzyna birnäçe duşuşyklarda oýnadym. Häzirki wagtda yzly-yzyna 3 duşuşykda meýdança çykdym. Ýöne şu zat anyk; şu gün şu ýerde (Argentinada) utuk gazanmak üçin meýdança çykan iň soňky duşuşygym. Özümi gowy duýamda, bu maňa lezzet berýär. Gowy duýmadyk wagtym bolsa, kä wagtlar şeýle-de bolýar, şol ýerde bolmak islemeýärin – diýip gürrüň berdi.

Messi “Onda indiki Dünýä Kubogyna gatnaşaňok, şeýle dälmi?” diýen sowala bolsa: – Hawa, diýip biljek däl, aýdýaryn-a her duşuşygyň öz ähmiýeti bar, hersine aýratyn çemeleşýärin. Dokuz aý tiz geçse-de, entek wagt bar diýmek. Möwsüm ýylyň soňunda tamamlanýar. Ondan soň täze möwsümiň taýýarlyklary bar. Özümi duýşuma bagly. Şowly taýýarlyk döwrüni başdan geçireris diýip, tama edýärin. Şu möwsümi-de MLS-de şowly tamamlap bilsek, çempionlyk gazanyp bilsek, galanyny-da soň göreris – diýdi.