ABŞ-nyň çempionaty MLS-e ýene bir ýyldyz futbolçy transfer boldy. “Tottenham” toparynyň koreýaly ýyldyz oýunçysy Son Hyn Miniň Angliýadaky başdan geçirmesi tamamlandy. 33 ýaşyndaky hüjümçi mundan soň karýerasyny ABŞ-nyň çempionaty MLS-de dowam eder. Ol “Los Anjeles FK” topary bilen şertnama baglaşdy. Amerikan kluby Sona ýyllyk 22 million ýewro berer (26,5 million dollar). Bu görkeziji çempionatyň rekordyna deňdir. Son Hyn Min “Tottenham” toparynda 10 möwsüm çykyş etdi. Ol londonlylaryň düzüminde 454 resmi duşuşykda 173 gol geçirip, 101 goluň pasyny berdi. Koreýaly oýunçy 2015-nji ýylda “Baýerden” “Tottenhama” 30 million ýewro transfer bolupdy. Ol “Tottenhamda” ýeke kubok – UEFA Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy. Son Hyn Min “Baýerden” öň “Hamburgda” 3 möwsüm oýnapdy.
Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynda 134 duşuşyk 51 gol salan Son Hyn Min 23 asist etdi. Ol täze toparynda-da edil “Tottenhamdaky” ýaly 7-nji belgili köýnekçäni geýer.