1000 kilometrden köp ýol geçýär

125

Hy­taý­da ön­dü­ri­len “Zeekr 001” elekt­rou­lag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 1032 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär. “Gee­ly” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň lýuks bren­di bo­lan “Zeekr”-iň heç­bek mo­de­li­niň tä­ze nus­ga­sy­ny sa­tu­wa çy­kar­dy. Daş­ky şe­ki­li ozal­ky nus­ga­syn­dan o di­ýen ta­pa­wut­lan­ma­ýan tä­ze elekt­rou­la­gyň uzyn­ly­gy 4970 mm, ini 1999 mm, be­ýik­li­gi 1560 mm, öň­ki we yz­ky ti­gir­le­ri­niň ara­sy 3005 mm. 2023-nji ýy­lyň nus­ga­syn­da ula­gyň na­rynç, gök we ga­ra reňk­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Ula­gyň iç­ki di­zaý­ny­nyň ýö­ne­keý, em­ma lýuks­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my we ek­ran­lar bi­len üp­jün edi­len ula­gyň otur­gyç­la­ryn­da ýy­la­dy­jy, ho­wa­lan­dy­ry­jy we mas­saž funk­si­ýa­la­ry bar. Yz­da otur­ýan ýo­lag­çy­lar üçin 5,7 dýuým­lyk köp funk­si­ýa­ly sen­sor­ly ek­ran­lar otur­dy­lyp­dyr. Ula­gyň gel­jek­de has kä­mil aw­to­mat­laş­dy­ry­lan sü­rüş ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edil­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Ula­gyň iki mo­tor­ly, dört tig­ri aý­lan­ýan nus­ga­sy 0-100 km/sa­gat tiz­li­ge 3,8 se­kunt­da ýet­ýär. Bu ula­gyň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 546 hem-de 656 km ýol ge­çip bil­ýän gör­nüş­le­ri bar.
Bir mo­tor­ly yz­ky ti­gir­le­ri aý­lan­ýan nus­ga­sy­nyň bol­sa, 741 hem-de 1032 km ýol ge­çip bil­ýän gör­nüş­le­ri bar. 1032 ki­lo­metr­lik gör­nü­şi­ni je­mi 1000 sa­ny­sy­nyň ön­dü­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ula­gyň ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Ys­ma­ýyl Ata­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my