Marokkoda geçirilen 35-nji Afrika Milletler Kubogy tamamlandy. Paýtagt Rabatdaky Şazada Mulaý Abdellahyň adyny göterýän stadionda 66 müň 526 janköýeriň şaýatlygynda geçen finalda ýer eýeleri Marokko bilen Senegalyň ýygyndylary duşuşdy. Dartgynly wakalara baý bolan oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi.
Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Hatda 2-nji ýarymda-da hasap üýtgemedi. Duşuşygyň soňunda emin oýna 8 minut goşdy. Futbolyň taryhynda, onda-da finalda seýrek duş gelýän wakalar zynjyry-da şol goşmaça wagtda bolup geçdi. 90+3-nji baş emin Kongo Demokratik Respublikasyndan Žan-Žak Ndala senegally futbolçylaryň geçiren goluny oýnuň düzgüni bozulandygyny nazarda tutup, hasaba almady. Senegally futbolçylar emine VAR-a gitmegi üçin köp aýtsalaram, bu oňa täsir etmedi.

90+8-nji minutda bolsa emin VAR-e hem seredip, Marokkonyň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Bu ýagdaýa gahar eden senegally futbolçylar 90+13-nji minutda meýdançany terk etdiler. Geçirilen gepleşiklerden soň senegally futbolçylar 90+21-nji minutda meýdança dolanyp geldiler. Eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny 90+24-nji minutda Marokkonyň finala çenli gelmeginde uly rol oýnan Brahim Diaz ýerine ýetirdi. Ol Panenka urgusyny deňäp gördi, ýöne gowşak bolan urguny derwezeçi Mendi ýeňillik bilen saklady. Şunlukda, soňky minutlary gopgunly geçen duşuşygyň esasy wagtynda hasap açylmady.

Goşmaça 30 minut berlip, 94-nji minutda Senegalyň ýygyndysy öňe saýlandy. Bu taryhy goly owadan urgy bilen milli toparyň “Wilýarrealda” oýnaýan ýarymgoragçysy Pepe Geýe derweze girizdi. Duşuşygyň galan 26 minutynda ýer eýelerine hasaby deňlemek ýa-da öňe geçmek başartmady. Şeýlelikde, Senegalyň ýygyndysy goşmaça wagtda Marokkonyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňip, taryhyndaky 2-nji yklym çempionlygyny gazandy. Soňky 4 ýaryşda 3-nji gezek finalda oýnan Senegalyň ýygyndysy mundan öň 2021-nji ýylda çempion bolupdy. Bu Senegalyň milli toparynyň umumylykda 4-nji finaly bolup, 2002-nji we 2019-njy ýyllarda garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Senegalyň ýygyndysy Afrika Milletler Kubogyny 2 gezek eýelän 8-nji ýygyndy hökmünde hasaba alyndy.
50 ýyldan soň janköýerlerini öňünde çempion bolup bilerdi
Soňky ýyllarda dürli ýaşlardaky ýygyndy toparlarynyň ýeňşini baýram edýän Marokko şol çempionlyklaryň üstüni yklymy altyn medaly bilen ýetirmek başartmady. Özlerinde geçirilen ýaryşda ýeňlişsiz finala çykan Marokkonyň ýygyndysy agza-burna gelen ýeňşi gazanyp, 50 ýyldan soň taryhyndaky 2-nji çempionlygyny gazanmak mümkinçiligini elden giderdi. Ýeke-täk çempionlygyny 1976-njy ýylda gazanan Marokkonyň ýygyndysy 2004-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda utuldy.

2-nji gezek iň ökde oýunçy saýlandy
Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip Sadio Mane saýlandy. Ýyldyz oýunçy 2021-nji ýylda-da ýaryşyň iň ökde oýunçysy baýragyny eýeläpdi. 5 gezek tapawutlanan marokkoly Brahim Diaz çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. “Fair-Play” baýragyny gazanan Marokkonyň ýygyndysyndan Ýassin Bunu çempionatyň iň ökde derwezeçisi diýlip saýlandy.
9-njy gezek bürünç medala mynasyp boldy
Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda geçen ýaryşyň wise-çempiony Nigeriýanyň ýygyndysy bilen Müsüriň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşygyň esasy hem-de goşmaça wagtlarynda hasap açylmady. Oýundan soň penalti urgularyny has dürs (4-2) ýerine ýetiren Nigeriýanyň ýygyndysy bürünç medala mynasyp boldy. Nigeriýanyň ýygyndysy 9-njy gezek 3-nji orny eýeledi (1976, 1978, 1992, 2002, 2004, 2006, 2010, 2019, 2025). Çempionaty medalsyz tamamlan Müsüriň ýygyndysy bolsa 1976-njy, 1980-nji we 1984-nji ýyllardan soň 4-nji gezek 4-nji ýere mynasyp boldy.
PDF









