Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Milana” öz meýdançasynda ýokary liga şu möwsüm çykan we iň aşaky orunda barýan “Pisa” toparyna ýeňmek başartmady. Çekeleşikli geçen oýunda “Milan” 7-nji minutda Rafael Leaonyň goly bilen hasaby açdy. Oýnuň 60-njy minutynda kolumbiýaly meşhur futbolçy Kuadrado penaltini dürs urup, hasaby deňledi. Duşuşygyň 86-njy minutynda bolsa myhmanlar Nzolanyň goly bilen öňe saýlandy. 76-njy minutda oýna giren Atekame duşuşyk tamamlanmanka, has takygy, 90+3-nji minutdan tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Şunlukda, “Milan” utugyny 17-ä çykaryp, liderligini elden gidermek howpy bilen ýüzbe-ýüz galdy. Entek ýeňiş gazanyp görmedik “Pisa” bolsa 4-nji gezek deňme-deň oýnady.