Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Şu ýyl ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­ne 30 ýyl bol­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýo­lu­ny, Türk­me­nis­tan ýur­du­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär. Bu üs­tün­lik­le­re ag­zy­bir türk­men hal­ky buý­san­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy Wa­ta­ny­my­zyň gün-gün­den kuw­wat­ly dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hä­zir­ki wagt­da äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň çalt dep­gin­ler­de ös­me­gi we döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ge­ri­mi­niň gi­ňe­me­gi se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ol has-da aý­dyň iler­le­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ajaýyp döw­rümizde döw­le­tiň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek ýur­duň, jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni, hu­kuk go­rag­lylygyny üp­jün et­mek­de mö­hüm şert­le­riň bi­ridir. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ul­gam­la­ry­na mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­jeň or­naş­dyr­mak, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň howp­suz dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek, san­ly hyz­mat­la­ry art­dyr­mak mil­li mak­sat­na­ma­lar­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da durýar. Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka we üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mä­ge hem-de güm­rük ser­he­di ar­ka­ly ýük do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, üs­ta­şyr ha­ryt­la­ryň çalt da­şal­ma­gy we ulag se­riş­de­le­ri­niň ka­da­ly gat­na­ma­gy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gin­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Döw­let ser­he­di­niň gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­rin­dä­ki güm­rük no­kat­la­ry­nyň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, şeý­le hem güm­rük işin­de mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­rynyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy güm­rük no­kat­la­ry­nyň ulag ge­çi­ri­ji­lik kuw­wat­lyly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Te­bi­gy baý­lyk­la­ryň uly gor­la­ry­na, kuw­wat­ly se­na­gat dü­züm­le­ri­ne eýe bo­lan, ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýerde ýer­leş­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ne esas­la­nyp, bü­tin adam­za­dyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ym­tyl­ýar. Şu ýy­lyň 19-njy mar­tyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň or­ny» at­ly hal­ka­ra fo­rum­da Gah­ry­man

Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de 4-nji ap­rel­de Öz­be­gis­ta­nyň Sa­mar­kant şä­he­rin­de gu­ra­lan «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» gör­nü­şin­dä­ki bi­rin­ji sam­mit­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren tek­lip­le­ri bu ha­ky­ka­ty do­lu­ly­gy­na tas­syk­la­ýar.

Türk­me­nis­tan da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ yzy­gi­der­li ös­dür­mek bi­len, hal­ka­ra söw­da, ma­ýa go­ýum we teh­no­lo­gik iş­le­re iş­jeň gat­naş­ýar. Yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­lar öza­ra tej­ri­be alyş­mak­da we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni kes­git­läp, asyl­ly mak­sat­la­ra ýet­mek­de mö­hüm meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň, hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, ab­raý­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ra uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­le­ri­niň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man

Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Şe­ker TIR­KE­ŞE­WA,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.