24-nji aprelde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar. Şu gün bolsa guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.
Alyş gyrgyz halkynyň milli göreşidir. “Alyş” sözi “Manas” şadessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar öz aralarynda göreşmek islänlerinde, “Kel, alyşaly!” (“Geliň, göreşeliň!”) diýipdirler. Göreşiň bu görnüşine erkekler hem, zenanlar hem gatnaşyp bilýärler. Göreş diňe dik durmak ýagdaýynda geçirilýär. Her bir pälwanyň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýykmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär.
Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlendi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy. Pälwanlarymyzyň gazanan ýeňşiniň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanyp, Watanymyzyň ýaşyl tugy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy.
Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşinden 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar.
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bu sport çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.