8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mej­lis­de ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny, ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny hu­kuk taý­dan gol­da­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­nun tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak hem-de he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da üýt­get­me­le­ri­dir goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.
Şeý­le hem mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ha­kyn­da Mej­li­siň ka­ra­ry­ny oka­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry» di­ýen hor­mat­ly adyň da­kyl­ma­gy­ny uly sy­lag hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz özü­ne bu sy­la­gyň gow­şu­ryl­ma­gy­nyň ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da mun­dan beý­läk-de yh­las bi­len tu­tan­ýer­li iş­le­mä­ge borç­ly ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ber­len şeý­le ýo­ka­ry ba­ha üçin mäh­ri­ban hal­ky­my­za tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça «Türk­me­nis­tan­da 2030-njy ýy­la çen­li ma­li­ýe ba­za­ry­ny ös­dür­me­giň Stra­te­gi­ýa­sy­ny» taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra stan­dart­la­ry, mil­li bäh­bit­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ni göz öňün­de tu­tup, ma­li­ýe ba­za­ry­nyň ins­ti­tu­sio­nal gur­lu­şy­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe ba­za­ry­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ma­li­ýe ba­za­ry­ny ös­dür­mek we bu ugur­da ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li do­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly taý­ýar­la­ny­lan Ka­ra­ra gol çek­di we wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ama­now «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry­nyň teh­no­lo­gik ul­gam­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň de­giş­li des­ga­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça taý­ýar­la­ny­lan tek­li­bi gol­da­dy we wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da we we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi do­wam ed­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak, ha­sy­ly pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da, pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da ka­bul et­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. We­la­ýat­la­ryň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da mal­la­ry ta­la­ba­la­ýyk idet­mek, ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ot we iým­le­riň äti­ýaç­lyk gor­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň we onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­giň, bug­daý eki­şi möw­sü­mi­ni ta­la­ba­la­ýyk do­wam et­dir­me­giň, bu iş­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul et­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça hem de­giş­li iş­le­ri ne­ti­je­li alyp bar­mak ze­rur­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.An­na­mäm­me­dow Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bu hü­när baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we mas­la­ha­ty ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem bu se­nä ga­bat­la­nyp, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Esen­gu­ly et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy gi­je-gün­diz­de 20 müň kub metr bo­lan agyz suw aras­sa­laý­jy des­ga­nyň, Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­ny, Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da ýyl­da 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň, Türk­men­ba­şy – Ga­ra­bo­gaz – Ga­za­gys­tan ser­he­di aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Türk­men­ba­şy – Ga­ra­bo­gaz bö­le­gi­niň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döwlet Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip­le­ri hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek hal­ka­ra ser­gä we mas­la­ha­ta go­wy taý­ýar­lyk gör­me­giň hem-de ola­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we wi­se-prem­ýe­re Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly çä­re­le­re go­wy taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Ata­gu­ly­ýew ýur­du­myz­da da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ta­ra­pyn­dan bu ugur­da edil­ýän iş­ler­de eks­port we im­port edil­ýän önüm­ler bo­ýun­ça dün­ýä ba­zar­la­ry­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da­ky hal­ka­ra mag­lu­mat ul­gam­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eks­port we im­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň nyrh­la­ry­na gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­ny­lan tek­li­bi gol­dap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Se­ýi­do­wa «Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 – 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Stra­te­gi­ýa halk­la­ry je­bis­leş­dir­mek­de we dost­laş­dyr­mak­da me­de­ni­ýe­tiň tä­si­ri­ni art­dy­ryp, me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni mi­ra­sy­nyň, ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­my­zyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi­ni, bu gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­de giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 – 2052-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­di we wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hü­när baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek, tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga ber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da döw­re­bap sag­lyk öýü­niň, 300 orun­lyk Ma­ry we­la­ýat in­çe­ke­sel has­sa­ha­na­sy­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Wi­se-prem­ýer Aş­ga­bat şä­he­rin­de 500 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen et­ra­by­nyň Te­jen şä­he­rin­de 300 orun­lyk et­ra­ba­ra kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­he­rin­de 400 orun­lyk Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di we ola­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, hal­ka­ra sag­lyk mer­kez­le­ri­niň, sag­lyk öý­le­ri­niň, has­sa­ha­na­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­bat şä­he­rin­de 500 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen et­ra­by­nyň Te­jen şä­he­rin­de 300 orun­lyk et­ra­ba­ra kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­he­rin­de 400 orun­lyk Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da, şeý­le-de aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ba­ra­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di we wi­se-prem­ýe­re tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň hu­kuk esas­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­nyň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len alyp bar­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak iş­le­ri­ni do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­di we wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, «Türk­me­nis­tan­da 2026 – 2028-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Kon­sep­si­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy san­ly inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek­den, döw­let eda­ra­la­ry­nyň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň ne­ti­je­li ös­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den, öň­de­ba­ry­jy önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny do­la­ny­şy­ga we ka­nun­çy­ly­ga or­naş­dyr­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, elekt­ron hö­kü­met ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz in­no­wa­si­on, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bu ugur­da taý­ýar­la­ny­lan res­mi­na­ma gol çek­di we wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.