“Disney” studiýasynyň önümi bolan “Moana 2” animasiýasynyň prokatlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi. Noýabr aýynyň anna gününden bäri kinoteatrlarda görkezilip gelinýän animasiýa ABŞ we Kanadanyň prokatlaryndan 451,1 million dollar, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň prokatlaryndan bolsa 576,7 million dollar, jemi 1 milliard 27 million dollar kassa ýygymyny toplady. Umumylykda bu multfilm girdejisini 1 milliard dollardan geçiren 56-njy ekran eseri, 13-nji animasiýa hökmünde hasaba alyndy. Dewid Derrik Junior, Jeýson Hand hem-de Dana Ledou Miller dagynyň režissýorlyk eden animasiýasy üçin 150 million dollar çykdajy edildi. Animasiýanyň gahrymanlaryna Dweýn Jonson, Auliʻi Krawalýo, Raçel Hauz, Temuera Morrison ýaly artistler ses berýär.
2024-nji ýylyň ekran eserleriniň arasynda girdejisini 1 milliard dollardan geçiren 3-nji animasiýa bolan “Moana 2” multfilminiň 1-njisi 2016-njy ýylda ekranlara çykypdy we prokatlardan 688 million dollara golaý girdeji gazanypdy. Animasiýanyň 3-njisiniň 2026-njy ýylda surata düşüriljekdigi habar berildi.