10-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýew, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat ussatlary Näjmeh Hosseinian we Seýedehsähär Haşemi, şeýle-de şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş etdi. Ilçi Eýran bilen Türkmenistanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň birmeňzeşdigini belläp, sungat we döredijiligiň halklar arasyndaky dostluk köprüsini has hem pugtalandyrýandygyny aýtdy we ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilmegine ýakyndan goldaw beren Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine öz minnetdarlygyny bildirdi we sözüniň ahyrynda dürli ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyklary has-da berkitmek üçin şular ýaly ussatlyk sapaklarynyň indiki ýyllarda şu we beýleki ugurlarda Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasynda geçirmeklige taýýardyklaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Eýrandan gelen sungat ussatlary tarapyndan ussatlyk sapaklarynyň geçirilmeginiň Türkmenistanda alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk we “Açyk gapylar” syýasatynyň medeniýet we sungat ugrunda hem dabaralanýandygyny doly äşgär edendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem sungatyň dürli ugurlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny goldaýandygyny tassyklady.
Dabaranyň dowamynda ussatlyk sapaklaryna gatnaşan talyplara hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Soňra myhmanlar we talyplar ýerine ýetirilen işleriň sergisine hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýanyň “Altyn gazna” atly muzeýine aýlandylar.