3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleri netijeleri boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlendi.
Hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynyň deslapky netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek möhümdir. Eksport edilýän harytlaryň mukdaryny köpeltmek bilen, daşary söwda dolanyşygyny hem oňyn derejede üpjün etmek wajypdyr.
Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberlerde amal etmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler
Pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mejlisde geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we ençeme beýleki meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.